Le Parisien: Derňewçiler Luwrdan ogurlanan gymmatbaha zatlaryň saklanan ýerini tapdylar

  • 14.01.2026 17:56
  • 6k+

Le Parisien gazetiniň ýazmagyna görä, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Luwrda bolup geçen talaňçylygy derňeýän derňewçiler jenaýatkärleriň gymmatbaha zatlary ogurlap göni getirip gizlän garažynyň üstünden bardylar.

«Parižde banditlere garşy göreş toparynyň polisiýa işgärleri şäheriň demirgazyk eteginde ýerleşýän Oberwilýe ýaşaýyş jaý toplumynyň içindäki garažlaryň birinden Luwra degişli hazynalaryň saklanan ýerini tapdylar. Bu gymmatbaha zatlaryň gözleginde tapylan iň soňky yz» diýip, gazetiň habarynda aýdylýar we ýagdaý jikme-jikligine görkezilýär. Şunlukda, 19-njy oktýabrda skuterde gelen iki sany päliýaman kişi hususy jaýyň ýerasty garažyna giripdirler. Gözegçilik kameralary olaryň ogurlyk  zatlary gözden geçirip, gaýtadan tertipleşdirip, şol ýerdäki gutularyň birinde gizleýändiklerini surata düşüripdir. Şeýle-de bolsa ogurlanan gymmatly zatlaryň käbiri eýýäm ýitirim edilipdir. Soňky  günler ogrular garaža birnäçe gezek gelip, ol ýerde yzarlaýyş enjamlarynyň bardygyny ýa ýokdugyny öwrenipdirler. 23-nji oktýabr gijesi bolsa olar kameralaryň bardygyna göz ýetirip, ýüzlerini bukup, ak reňkli «Citroën» ýük awtoulagynda gaçyp gidipdirler.

Güman edilýänleriň biri soňra skuterleri we özlerine degişli şahsy zatlary äkidýär we şondan soň gymmatbaha zatlaryň bolanja yzlary-da ýitýär.
Luwr muzeýindäki talaňçylyk 19-njy oktýabrda bolupdy. Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Datiniň sözlerine görä, ogrular gaty ökde ekenler we ogrulyk üçin bary-ýogy birnäçe minut wagt sarp edipdirler. Şol bir wagtyň özünde, Le Parisien gazeti muzeýiň golaýyndan «Apollo» galereýasynda sergilenýän imperator Napoleon III-niň aýaly imperator zenan Ýewgeniýanyň döwük täjiniň tapylandygyny-da habar berdi.


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......