BTS dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahatyna ugraýar

  • 15.01.2026 11:45
  • 4.3k+

BTS keý-pop topary dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahaty barada yglan etdi. Ol aprelde Günorta Koreýanyň Koýan şäherinden başlap, 2027-nji ýylyň martyna çenli dowam eder. Bu barada Associated Press habar berýär.

Konsert syýahatynyň çäklerinde aýdymçylar Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň ýurtlarynda, şeýle-de Awstraliýada 70-den gowrak konsert berer. Konsertleriň käbir geçiriljek ýerleri gijräk belli bolar. Çykyşlar 360 gradus syn ediş bilen tegelek sahnada geçiriler.
Hasaba alnan muşdaklar üçin petekleriň deslapky satuwy 22-nji we 23-nji ýanwarda geçiriler, umumy satuw 24-nji ýanwarda başlar.
Bu BTS-iň 2021-2022-nji ýyllardaky Permission to Dance on Stage syýahatyndan soň ilkinji solo konsertleridir. Toparyň konsert işindäki arakesmesi agzalaryň öz ýurdunda hökmany harby gullugyndan geçmegi bilen baglanyşykly boldy.
Mundan öň BTS 20-nji martda täze albomyň çykjakdygyny aýtdy – bu 2022-nji ýyldaky Proof albomyndan soň tas dört ýylyň içinde toparyň ilkinji doly derejeli albomy bolar. 

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......