Lenovo öz-özi aýlanýan ekranly köpçülikleýin öndürilýän noutbukyny tanyşdyrdy

  • 16.01.2026 08:33
  • 1.5k+

Lenovo kompaniýasy birnäçe täze önümlerini hödürledi, olaryň arasynda, esasan hem, ThinkBook Plus Gen7 Auto Twist noutbugy aýratyn ünsi çekýär. Ilkinji gezek 2024-nji ýylda diňe bir konsept (taslama) hökmünde görkezilen bu model indi köpçülikleýin önümçilige goýberildi.

Enjamyň iň esasy aýratynlygy — onuň motorlaşdyrylan şarniridir. Onuň kömegi bilen ekran ulanyjynyň gatyşmazdan, awtomatiki usulda 180 gradus aýlanyp bilýär. Lenovo-nyň düşündirişine görä, bu funksiýa wideogürleşikler we maslahatlar üçin örän peýdalydyr: eger ulanyjy ýerinden turup gapdala geçse, noutbugyň ekrany ony "yzarlap", awtomatiki aýlanar we ulanyjynyň elmydama kadryň içinde galmagyny üpjün eder. Şeýle-de, ekranyň egilme derejesini sazlap bolýar, doly ýazylan ýagdaýynda bolsa noutbuk planşete öwrülýär.
ThinkBook Plus Gen7 Auto Twist-iň tehniki häsiýetnamalary:

  • Prosessor: Core Ultra 3;
  • Displeý: 14 dýuýmlyk OLED, 2.8K durulygynda (bu displeý CES 2026 sergisinde görkezilen täze önümler üçin standart görkezijidir);
  • Operatiw ýat (RAM): 32 GB-a çenli;
  • Akkumulýator: 75 Wtç;
  • Kamera: 10 megapiksel;
  • Agramy: 1,4 kg.

Noutbuk, şeýle-de, Thunderbolt 4 portlary, dört sany mikrofon, dört sany dinamik we Wi-Fi 7 tehnologiýasy bilen üpjün edilen.
ThinkBook Plus Gen7 Auto Twist modeliniň satuwy iýun aýynda başlar we onuň bahasy 1 650 dollardan başlanar.

şu gün 15:15
1

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
1.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
450

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......