Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň liderleri urlup çalynýan gurallarda keý-pop sazlaryny ýerine ýetirdi

  • 15.01.2026 16:35
  • 7.3k+

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon we Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti bilelikde urlup çalynýan saz gurallarynda BTS toparynyň «Dynamite» we «Keý-pop melgun awçylary» multfilminden aýdymlaryň sazlaryny ýerine ýetirdi. Bu barada Korean Times habar berýär.

Bu çykyş Ýaponiýanyň Nara şäherinde geçirilen gepleşiklerden soň boldy we iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary hem hyzmatdaşlygy görkezmäge gönükdirildi. Saz Pearl ýapon brendiniň saz gurallarynda çalyndy.
Sanae Takaiti urlup çalynýan saz gurallary bilen ýaşlykdan bäri meşgullanýar we talyp ýyllarynda hewi-metal toparynyň agzasy bolan. Hut ol Li Çže Mýona guralda saz çalmagy öwretdi.

«Şu gün men durmuşymdaky arzuwymy hasyl etdim. Men bu saz guralynda çagalykdan bäri çalmagy isläpdim» – diýip, Günorta Koreýanyň Prezidenti bilelikdäki çykyşdan soň aýtdy.

2025-nji ýylyň ahyrynda Netflix «Keý-pop melgun awçylary» multfilmine 500 milliondan gowrak adamyň tomaşa edendigini habar berdi. Bu platformanyň taryhynda iň köp görlen doly metražly taslama boldy. Ýakynda geçirilen «Altyn globus» dabarasynda multfilm «Iň gowy animasion film» we «Iň gowy aýdym» («Golden») kategoriýalarynda ýeňiş gazandy.
Multfilmiň sýužeti aýdym-sazyň kömegi bilen adamlary arwahlardan goraýan Huntr/x gyzlar keý-pop topary barada gürrüň berýär. Trio Rumi, Mira we Zoi öz muşdaklaryny ogurlamaga synanyşýan we arwahlardan düzülen Saja Boys erkekler keý-pop topary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 


düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 19:47
3.5k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......