Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy

  • 15.01.2026 21:57
  • 5.4k+

Samsung kompaniýasy arzan bahaly Galaxy A07 5G smartfonyny resmi taýdan hödürledi.

Täze model ilki bilen Taýlandyň we Mýanmanyň bazarlary üçin tanyşdyryldy. Smartfon ýat ukyby boýunça iki görnüşde — 4/128 GB we 6/128 GB wariantlarynda hödürlenýär. Modelleriň bahasy degişlilikde 175 we 190 dollara deňdir.
Smartfon 1600 × 720 piksel çözgütli we 120 Gs täzelenme ýygylygy bolan 6,7 dýuýmlyk PLS ekrany bilen üpjün edildi. Enjamyň esasyny MediaTek Dimensity 6300 prosessory düzýär. Galaxy A07 5G modeli Android 16 operasion ulgamynda işleýär. Kompaniýa bu model üçin 6 ýyl boýunça ulgam we howpsuzlyk täzelenmelerini berjekdigini wada edýär.
Surata düşüriş ukyby: öň kamerasy: 8 megapiksel, esasy kamerasy: 50 we 2 megapiksellik goşa datçik.
Enjamyň iň güýçli taraplarynyň biri hem onuň 6000 mAs sygymly akkumulýatydyr.
Smartfonda barmak yzyny okaýan gapdal skaner, microSD ýat kartlary üçin ýer we IP54 standarty boýunça tozandan hem-de suw damjalaryndan gorag bar. Galaxy A07 5G-niň ölçegleri 167,4 × 77,4 × 8,2 mm, agramy bolsa 199 gramdyr.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...