Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler

  • 16.01.2026 12:02
  • 2.8k+

Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda duşuşyklar geçirdiler.

Dünýä dilleri institutynda goňşy ýurduň wekilleri ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem pars dilini öwrenýän talyplar we mugallymlar bilen söhbetdeş boldular. Taraplar ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini seljerdiler. Gepleşikleriň dowamynda pars dili boýunça mugallymlaryň hünärini ýokarlandyryş okuwlaryny we talyplaryň dil endiklerini kämilleşdirmek üçin amaly sapaklary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň Medeniýet merkezi tarapyndan instituta gymmatly kitaplar sowgat berildi. Olaryň arasynda Sadi Şiraziniň türkmen dilindäki eserleri, Mollanepesiň we Nurmuhammet Andalybyň pars dilindäki goşgular ýygyndylary, şeýle hem pars dili boýunça döwrebap okuw we usuly gollanmalar bar.
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Eýran wekilleri edaranyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmuhammedowa bilen duşuşdylar. Duşuşykda medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.
Myhmanlara kitaphananyň gaznasyndaky pars dilli edebiýatlar, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserleri, şeýle hem gadymy golýazmalar we seýrek duş gelýän neşirler görkezildi.
Saparyň ahyrynda geňeşçi Abdolreza Abbasi Eýranyň Medeniýet merkeziniň adyndan kitaphananyň daşary ýurt edebiýaty gaznasyny baýlaşdyrmak üçin pars dilindäki 40-dan gowrak neşiri sowgat berdi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......