Britaniýaly zenan «dünýäniň iň baý adamy» boldy, ýöne puluny diňe kofe bilen kruassana sowup bilýär

  • düýn 21:30
  • 5.9k+

Nottingem şäheriniň ýaşaýjysy Sofi Dauning garaşylmadyk ýagdaýda dünýäniň iň baý adamy boldy — iň bolmanda hasap ýüzünde. Ýöne ol pulunyy diňe kofehanada sarp edip bilýär diýip, The Mirror neşiri onuň gabat gelen ýagdaýyny beýan edýär.

Bar zada kofehana ulgamynyň sowgat kartyndaky tehniki ýalňyşlyk sebäp boldy.
Sofi Täze ýylyň öňüsyrasynda «200 Degrees» kofehana ulgamyndan takmynan 10 funt sterling (12 dollar töweregi) balansy bolan sowgat kartyny aldy. Geçen hepde bolsa matça-latte satyn almak üçin karty ulananda, onuň kartdaky hasabynyň 63 kwadrillion funt sterlingden geçýändigi mälim boldy. Mundan çen tutsaň, bu zenan dünýäniň iň baý adamy, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskdan hem 100 müň esse has baý bolýar.
Sofi bu ýagdaýy gülki bilen kabul etdi-de, öň hiç haçan beýle waka bilen gabatlaşmandygyny boýun aldy. Oňa kofehananyň işgäri hem haýran galdy, ýöne karty alyp galmady. Zenan ony ikinji gezek ulanandan soň, beýle tüçjar baýlykdan peýdalanmagy bes etmeli diýen karara geldi. Ol bu ýagdaýyň ştrih-koduň nädogry okalmagy sebäpli dörändigini çaklaýar.


12.01.2025 09:02
13k+

750 mln dollar zibilde galdy. Britaniýaly adama bitkoinli gaty diskini tapmak üçin zibili agtarmaga rugsat berilmedi

Beýik Britaniýanyň kazyýeti Nýuport şäheriniň ýaşaýjysy Jeýms Hauellsiň 8000 bitkoin saklaýan gaty diskini tapmak üçin zibil dökülýän meýdany gazmaga rugsat sorap ýazan arzasyny ret etdi. Häzirki wagtda bitkoinleriň...

10.09.2022 00:05
28k+

Serdar Berdimuhamedow Liz Trassa gynanç hatyny iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri hanym Liz Trassa Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk...

09.09.2022 23:59
22k+

Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III ejesi Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň  Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany...

08.09.2022 23:46
41k+

Beýik Britaniýanyň şa aýaly aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II Şotlandiýadaky Balmoral galasynda 96 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Bukingem köşgi tarapyndan penşenbe güni ýaýradylan habarda aýdylýar diýip, TASS belleýär. “Şa aýaly...