Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III ejesi Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi

  • 09.09.2022 23:59
  • 22k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň  Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Şa zenany Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Onuň hökümdarlyk eden döwründe parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek üçin bitiren ägirt uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar” diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda onuň Alyjenaby Karl III we maşgala agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.


22.02.2026 21:30
21k+

Britaniýaly zenan «dünýäniň iň baý adamy» boldy, ýöne puluny diňe kofe bilen kruassana sowup bilýär

Nottingem şäheriniň ýaşaýjysy Sofi Dauning garaşylmadyk ýagdaýda dünýäniň iň baý adamy boldy — iň bolmanda hasap ýüzünde. Ýöne ol puluny diňe kofehanada sarp edip bilýär diýip, The Mirror neşiri onuň gabat gelen ýagdaýyny beýan edýär...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...