Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň halkyna gynanç bildirdi

  • 31.03.2025 13:55
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy, Premýer-ministri Min Aun Hlaýgna ýurduň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Mýanmada 28-nji martda, anna güni 7,7 we 6,4 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Geçen günlerde pidalaryň sany 1700 adama ýetdi, 3400 adam şikes aldy. Ýurduň harby administrasiýasy heniz 300 adamyň dereksiz ýiten hasaplanýandygyny habar berdi.
Yranmalar hatda Hytaýda we Tailandda hem hasaba alyndy. Tailandyň hökümetiniň habar bermegine görä, Bangkokda 17 adam ýertitremäniň pidasy boldy, 32 adam şikes aldy, 82 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar. Halas ediş işleri dowam edýär.


düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......