«Sen Amerika gerek!»: Tramp Ronalduny «iň beýik» diýip atlandyrdy we ony ABŞ-a çagyrdy

  • 22.02.2026 02:13
  • 23k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu täsirli wideoýazgy arkaly ýüzlendi. Bu barada «Marca» neşiri habar berýär.

Prezident özüniň «X» we «TikTok» sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda Ronaldunyň we özüniň gatnaşmagynda döredilen, eýýäm internetde meşhurlyk gazanan emeli aň (AI) wideosyny paýlaşdy. Wideoda olar Ak tamyň içinde bilelikde futbol oýnaýarlar.

«Kriştianu Ronaldu, sen — beýiksiň. Sen bize Amerikada gerek. Goşlaryňy çaltrak düw-de, bize mümkin boldugyça çalt gel» diýip, Tramp ýüzlenmesinde aýdýar.
Syýasatçy wideonyň aşagynda: «Bir beýikden beýlekisine» diýip bellik galdyrdy.

Bu çagyryş futbolçynyň Saud Arabystanyndaky kynçylyklarynyň bolup geçýän döwründe has-da gyzykly görünýär. Soňky habarlara görä, Ronaldu klubuň dolandyrylyşyndan nägile bolup, käbir oýunlara gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Ol gyşky transfer döwründe Saud Arabystanynyň maýa goýum gaznasynyň (PIF) topary güýçlendirmändigi sebäpli özüni lapykeç duýýandygyny mälim edipdi.
Tramp bilen Ronaldunyň tanyşlygy öňden gelýär. 2025-nji ýylyň noýabrynda Ronaldu Saud şazadasy bilen bilelikde Ak tamda dabaraly nahara gatnaşypdy. Şonda Tramp öz oglunyň (Barronyň) Ronaldunyň uly janköýeridigi barada degişme hem edipdi.
2026-njy ýylda Portugaliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar.
Tramp TikTok sahypasyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda "ýaş auditoriýa bilen işleşmek maksady bilen" açdy diýip, Ak tamuň aragatnaşyk boýunça direktory Stiwen Çung aýtdy.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......