Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda konsertde Paganininiň, Simmeriň we Marianelliniň eserlerini ýerine ýetirer

  • 16.01.2026 11:53
  • 1.4k+

30-njy ýanwarda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli sazlar orkestriniň konserti geçiriler. Köpçülige hödürlenjek "Saýlanan eserler" (Избранное) atly maksatnama orkestriň öňki çykyşlarynyň iň şowly we meşhur saz eserlerinden düzüldi.

Konsertiň maksatnamasyna dünýä klassykasynyň genji-hazynalary, türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi, şeýle hem meşhur kinofilmleriň sazlary girizildi. Hususan-da, diňleýjiler Nikolo Paganini, Hans Simmer, Dario Marianelli, Nury Halmämmedow we Daňatar Hydyrow ýaly ussatlaryň eserlerinden lezzet alyp bilerler.
Saz muşdaklary üçin dünýä belli filmleriň sazlary aýratyn sowgat bolar. Maksatnamada şu aşakdaky ekran eserleriniň saz temalary ýerine ýetiriler:

  • "Awatar";
  • "Ýüzükleriň hökümdary";
  • "Anna Karenina";
  • "Eýe bolmak" (Одержимость);
  • "Ussat we Margarita" (Мастер и Маргарита).

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.
Biletleri satyn almak boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:

  • 55 90 15;
  • (+993) 62 53 28 71.

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......