Wikipedia kümüş ýaş toýuny belleýär: Başlangyç pikirden dünýäniň iň uly ensiklopediýasyna çenli geçilen 25 ýyllyk ýol

  • 14.01.2026 12:13
  • 5.2k+

2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Wikipedia esaslandyrylan gününiň 25 ýyllygyny belleýär. Bu ýubileý ýylyň dowamynda bütin dünýäde dabaralandyrylar.

"Wikipediýa meýletinçiler tarapyndan bütin dünýäniň adamlary üçin döredilen erkin ensiklopediýa baradaky uly maksatdan başlandy. Bu mümkin däl ýaly görünýärdi, ýöne çärýek asyryň dowamynda Wikipediýa iň meşhur bilimler hazynasyna öwrüldi" — diýlip, ensiklopediýanyň habarynda aýdylýar.
“25 ýyl mundan ozal Wikipediýa amala aşyrylmasy kyn ýaly görünýän bir arzuwdy. Häzirki wagtda bolsa biz milliardlarça okyjyny we ýüz müňlerçe redaktory — höwesjeňleri, ýazyjylary, mugallymlary, dürli ugurlaryň hünärmenlerini we alymlaryny görýäris. Wikipediýa dünýäniň birinji derejeli maglumat çeşmesine öwrüldi. Emeli aň Wikipediýanyň esasynda öwrenýär, gözleg ulgamlary ony ilkinji hatarlarda görkezýär, akylly kömekçiler bolsa: 'Ine, Wikipediýadan tapan maglumatym...' diýip jogap berýärler. Mahabatlaryň we tölegli hyzmatlaryň adaty ýagdaýa öwrülen dünýäsinde Wikipediýa öňküsi ýaly mugt, bitarap, açyk we ynsanperwer bolmagynda galýar” — diýlip, web sahypada nygtalýar.

2026-njy ýylyň başyndaky ýagdaýa görä, Wikipediýada dünýäniň 340-dan gowrak dilinde 66 milliondan gowrak makala jemlenýär. Taslama dünýäde iň köp girilýän web sahypalaryň arasynda ýedinji (käbir çeşmelere görä – dokuzynjy) orunda durýar we şeýle ýokary reýtingli ýeke-täk täjirçilik däl (kommersiýa däl) çeşmedir.
Ýubileý güni intellektual oýunlar we wiktorinalar bilen baýlaşdyrylan onlaýn baýramçylyk maksatnamasy geçiriler. Tomaşaçylara Wikipediýanyň dürli dillerde ösüş taryhy, iň gyzykly jedeller we gazanylan ylalaşyklar barada gürrüň berler. Şeýle hem, taslamanyň mazmuny esasynda taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar görkeziler.
Dabara "Wikimedia" gaznasynyň saýtynda we Wikipediýanyň "YouTube" kanalynda alty dilde (arap, hytaý, fransuz, iňlis, portugal we ispan) göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

düýn 18:02
2.6k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 16:29
2.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

düýn 16:23
1k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......