NASA 7 kompaniýa bilen Ýerden daşardaky ýaşaýşy gözlemek üçin teleskop gurmakçy bolýar

  • 17.01.2026 22:53
  • 3k+

NASA 7 sany kompaniýa bilen ekzoplanetalardan ýaşaýyş alamatlaryny gözlemäge niýetlenen Habitable Worlds Observatory (HWO) kosmos teleskopy üçin tehnologiýalary işläp düzmek maksatly şertnama baglaşdy. Obserwatoriýa ýüzlerçe we müňlerçe ýagtylyk ýylyndan uzaklykdaky, ýyldyzlaryň töwereginde aýlanýan we  planetalaryň atmosferasyndan geçýän ýagtylygy seljerer.

Kesgitlenen tölegli üçýyllyk şertnamalar Astroscale, BAE Systems Space and Mission Systems, Busek, L3Harris, Lockheed Martin, Northrop Grumman we Zecoat kompaniýalary bilen baglaşyldy. Bu kompaniýalar optik ulgamyň durnuklylygyny atom ölçegindäki takyklyk bilen üpjün etmäge degişli inženerçilik meselelerini çözerler.

«Biz çalt hereket edip,  möhleti mümkin boldugyça golaýladyrjak bolýarys» diýip, NASA-nyň administratory Jared Isaakman aýtdy. Onuň pikiriçe, bu missiýanyň ýetjek üstünliklerine tutuş adamzat garaşýar.

Täze, ägirt güýçli obserwatoriýanyň gurluşygyny 2030-njy ýyllaryň ahyrynda ýa-da 2040-njy ýyllaryň başynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslama ýyldyz şöhlesini blokirlemek üçin koronografy ulanmagy hem öz içine alýar. Bu bolsa tutuk reňkli obýektleri synlamaga-da mümkinçilik berer.
HWO-nyň dizaýny kosmosda hyzmat etmek we abatlamak mümkinçiligini-de   öňe sürýär. Teleskopyň dizaýny Habbl, Jeýms Webb we Nensi Greýs Roman missiýalaryndan alnan maglumatlary öz içine alar (soňky agzalan uçuş şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilýär).


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......