4.6k+

Peugeot 208 hetçbegi Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy

Peugeot 208 hetçbegi 2025-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada Dacia Sandero-dan öňe geçip, iň köp satylan awtomobil boldy. Bu barada JATO Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Çeşmelere görä, mart aýynda bu modelden 25 241 awtomobil satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7% köpdür...

6k+

ABŞ-da Jeff Bezosyň goldawy bilen döredilen elektropikap satuwa çykaryldy

Los-Anjelesde (ABŞ) Slate Auto atly startap «Truck» atly ykjam elektropikabyny hödürledi. Taslama Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan bölekleýin maliýeleşdirilýär. Model iki orunlyk kabina we çykdajylary azaltmak üçin iň az funksiýalar toplumy bilen bir konfigurasiýada bolar...

4.5k+

Nissan taryhyndaky iň uly zyýany barada hasabat berdi

Nissan taryhyndaky iň uly zyýan barada hasabat berdi. Mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijelerine görä, Nissan-yň arassa zyýanynyň mukdary 700-750 mlrd ýena (4,91-5,26 mlrd dollar) bolupdyr. Bu görkeziji işini halas etmek üçin giň gerimli we düýpli özgertmeleri geçirýän öndüriji üçin rekord boldy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär...

3.3k+

Tesla çagalary goramak üçin mobil goşundysyna täze funksiýa girizdi

Tesla mobil goşundysyna «Child Left Alone Detection» funksiýasyny goşdy. Bu funksiýa ulagda unudylan çagalary goramak üçin niýetlenendir. 4.44.0 täzelenmesi öňden bar bolan 4D radar we salonyň içindäki hereket duýujy enjamlar bilen bilelikde, howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan çäreleriň bir bölegi boldy...

3.7k+

Honda yzky çyralaryň näsazlygy sebäpli, 153 müňe golaý Acura MDX ulagy ýene yzyna çagyrýar

Honda kompaniýasy 2014-2020-nji ýyllar aralygynda öndürilen 152 müň 573 sany «Acura MDX» krossowerini täzeden yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Sebäp – yzky çyralara çyglylygyň aralaşmagy. Bu mesele 2019-njy ýylda düzedilmäge synanyşylypdy, ýöne gaýtadan ýüze çykdy: öň bejerilen awtoulaglaryň yzky çyralary hem ýene-de buglanýar we işlemegini bes edýär...

7.1k+

BYD altyn logotip we 1180 at güýji bilen premium ulagyny hödürledi

Şanhaý awtosalonynda BYD kompaniýasy Yangwang U8L premium ulagyny görkezdi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model iki reňkde hödürlenýär – Obsidian Black we Sun Gold, ýöne onuň esasy aýratynlygy öň we yzky böleklerde ýerleşdirilen Oracle logotipi boldy – ol 24 karat altyndan ýasaldy...

2.6k+

Škoda dizel ulaglaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyç guýup başlady

Škoda Auto Çehiýadaky zawodlarynda täze dizel awtomobilleri hem-de içerki logistika ulaglary üçin ýangyç hökmünde wodorodyň kömegi bilen arassalanan ösümlik ýagyny (HVO) ulanyp başlady. HVO biodizel ýaly oba hojalyk ekinlerinden däl-de, ulanylan ösümlik ýagy we ýaglar ýaly galyndylardan öndürilýär...

6.4k+

Ford F-150 pikaby gelşikli sport týuningine eýe boldy

Roush Performance týuning atelýesi 2025-nji ýylyň Ford F-150 Nitemare-sini hödürledi. Peseldilen podweskaly, kuwwatly dolandyryşly we premium bezegli bu sport pikaby XL we XLT komplektasiýalaryna esaslanýar. Täze önüm Regular we SuperCrew kabinaly wersiýalarda elýeterlidir...

4.2k+

Tesla-nyň birinji çärýekdäki arassa girdejisi 71% pese gaçdy

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde amerikaly Tesla elektromobil öndürijisi 409 million dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 71% azdyr. Kompaniýanyň umumy girdejisi 9% peselip, 19,34 milliard dollar boldy...

12k+

Lexus ES modeliniň sekizinji neslini görkezdi. Ol indiki ýyl satuwa çykar

Lexus kompaniýasy Şanhaý awtosergisinde sekizinji nesil «ES» sedanyny görkezdi. Täze ulag modeliň taryhyndaky iň uly täzelenmä eýe boldy. Adatça, Hytaýda esasan ýerli bazar üçin niýetlenen ulaglar görkezilýär, emma bu gezek Lexus dünýä bazary üçin niýetlenen geljekki modeliň nusgasyny köpçülige ýetirdi...

6.2k+

Hyundai goşa elektromotorly öwrülişikli gibrid transmissiýany hödürledi

Seulda geçirilen Gibrid Tech Day çäresinde Hyundai P1 + P2 arhitekturaly gibrid transmissiýasynyň täze neslini görkezdi. Onda iki sany elektrik hereketlendirijisi ulanylýar: biri çekiş we energiýany dikeltmek üçin, ikinjisi hereketlendirijini işe girizmek we zarýad bermek üçin...

5.1k+

«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy

JAC Motors bilen Volkswagen-iň bilelikdäki Volkswagen Anhui kärhanasy Hytaýda täze «Yuzhong 06» kupe-krossowerini, ýagny «ID. Unyx 06» atly täze modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «ITHome» portaly habar berýär...

6.9k+

Nissan 15 ýyllyk Patrol Y62 modelini täzeledi: täze ekran, öňki V8

Y63 kuzowly we V6 hereketlendirijili täze «Nissan Patrol-yň» bazara çykanyna alty aý bolandygyna garamazdan, kompaniýa 15 ýyl mundan ozal çykarylan «Patrol Y62» modelini täzelemäge karar berdi. Täzelenen «Nissan Patrol Y62», esasan, Awstraliýanyň bazary üçin niýetlenendir...

2.9k+

Porsche yzy görkezýän kameradaky näsazlyk sebäpli 17 000-den gowrak Macan-y yzyna çagyrýar

Porsche kompaniýasy yzy görkezýän kameranyň näsazlygy sebäpli 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda öndürilen 17 müňden gowrak Macan awtoulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Näsazlyk ekranyň ýüzünde hiç hili şekiliň bolmazlygyna getirip biler, bu dürli tarapa öwrülmegi we awtoulagy duralga goýmagy kynlaşdyrar, heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler...

6.4k+

Çendenaşa sary, çendenaşa güýçli: Mansory ýagty salony bilen täzeden bezelen Audi RS Q8-i hödürledi

Mansory kompaniýasy «Audi RS Q8» kysymly ulagy düýpli täzeden işläp taýýarlady: onuň tehniki aýratynlyklary kämilleşdirildi, daşky görnüşi we interýeri bolsa düýpgöter üýtgedildi. Täze týuning toplumy karbon elementleri, gara radiator gözenegini, täzeden işlenip taýýarlanan bamperleri we agressiw howa akym elementlerini öz içine alýar...

7.3k+

Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar

Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy. Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy...

3.1k+

Tesla täze arzan bahaly elektromobiliniň çykarylyşyny yza süýşürdi

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň arzan görnüşiniň önümçiligine başlamagy yza süýşürdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär. Kompaniýanyň içki resminamalarynda «E41» diýip atlandyrylýan bu modeli ýylyň birinji ýarymynda öndürip başlamak meýilleşdirilýärdi...

4k+

Hyundai akkumulýatorlarda ýangyn söndüriji ulgam döretdi

Günorta Koreýanyň Hyundai Motor Group kompaniýasyna degişli bolan Hyundai Mobis atly awtoulag şaýlaryny öndürijisi akkumulýatorlaryň öýjüginiň tutaşmagyndan bäş minut soň, awtomatiki ýagdaýda ýangynyň öňüni alýan tehnologiýanyň döredilendigini mälim etdi...

7.3k+

Rolls-Royce kaşaň küşt toplumyny hödürledi

Rolls-Royce özüniň ýokary derejeli aksessuarlar hataryny täze küşt toplumy bilen giňeldýär. Bu toplum diňe brendiň resmi awtosalonlarynda we «Private Office» atly butiklerde satylýar. Keramika bilen örtülen alýumin we agaç şpon ýaly iň aňrybaş materiallardan taýýarlanan toplum küşt oýny bilen Rolls-Royce-yň özboluşly awtoulag estetikasyny özünde jemleýär diýip, «Carscoops» ýazýar...

17k+

Täzelenen Land Cruiser 300 tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi

Täzelenen «Land Cruiser 300-yň» häsiýetnamalary tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi. Täzelenen dizaýnly we öň görülmedik güýç ulgamy bolan «üç ýüzlügiň» suratlary sosial torlarda giňden ýaýrady diýip, «Motor.ru» habar berýär...

6.5k+

Tesla satuwynyň pesdigi sebäpli, Cybertruck-yň önümçiligini azaldýar

Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) Ostin şäherindäki zawodynda «Cybertruck» elektropikabynyň önümçiligini azaltmaga karar berdi. Kompaniýanyň bu ädimi ätmeginiň sebäbi, Demirgazyk Amerikada islegiň örän pes bolmagy we halkara derejesindäki düzgünleşdiriji çäklendirmeler bilen baglanyşykly...

2.6k+

Kia 531 km ýol ätiýaçlygy bolan täze EV4 elektrosedanyny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) awtosalonda täze elektrosedany «EV4-iň» global görnüşini hödürledi. Bu dört gapyly model «Tesla Model 3» bilen bäsleşmek üçin ýörite taýýarlanyldy. «EV4-iň» dizaýny Kia-nyň «EV6» we «EV9» modellerine meňzeýär, ýöne bu model has sport äheňde işlenip düzülipdir...