Kia 2026-njy model ýylynyň täzelenen Sportage HEV ulagyny hödürledi

  • 06.08.2025 15:51
  • 4.6k+

Kia kompaniýasy täzelenen 2026-njy model ýylynyň Sportage HEV gibrid krossowerini görkezdi. ABŞ-da awtoulagyň başlangyç bahasy 30 290 dollar, bu Ýewropa bazaryndakydan ep-esli arzan.

Model sanly gurallar paneli we iki sany 12,3 dýuým ekranly ccNC Lite multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Simsiz Apple CarPlay-i we Android Auto-ny goldaýar. Ýokarky bezeg derejelerine proýeksiýa ekrany we SynTex emeli deri bilen bezelen oturgyçlar girýär.
Howpsuzlyk ulgamy çaknyşykdan gaça durmak funksiýalaryny, zolagy saklamak, zolagy üýtgetmek mümkinçilikli adaptasiýa kruiz dolandyryşyny we awtoulag duralgasy datçikleri bolan ADAS toplumyny öz içine alýar. Yzky ýolagçylar üçin 1,050 mm aýak goýara giňişlik göz öňünde tutulan, oturgyçlary ýatyrylgy ýagdaýyndaky ýükdanyň göwrümi 2087 litre ýetýär.
Awtoulag 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisinden we 47,7 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Bilelikde olar 232 at güýjüni we 350 N m torky döredýär. Güýç gurluşy 6 tizlikli awtomat bilen jübütlikde işleýär we oktan sany 87 bolan benzin üçin niýetlenendir, ýöne öndüriji has ýokary hillisini maslahat berýär.
Öň tekerleri hereketli wersiýasy 100 km üçin 5,6 litr ýangyç sarp edýär, ähli tekerleri hereketlisi - 6,7 litr. Esasy LX komplektasiýasynyň diňe öň tekerleri hereketli görnüşi bar, beýleki wersiýalary ähli tekerleri hereketli görnüşdedir.


09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....