Zacoe awtobezeg ussahanasy Lamborghini Revuelto-ny has giň we has haýbatly görnüşini hödürledi

  • 11.08.2025 15:48
  • 4.3k+

Zacoe awtobezeg-atelýesi Lamborghini Revuelto superkary üçin kuzowyň elementleriniň toplumyny döretdi. Täze obwesiň kömegi bilen awtoulag, esasy wersiýasyna garanyňda, ep-esli giňeldi. Esasy tapawut - düýbünden täze ganatlarynyň bolmagy, olar adaty ganatlaryň üstünde oturdylmaýar-da, olaryň ornuny tutýar.

Awtoulagyň ähli elementleri uglerod süýüminden ýasalan. Topluma kapot, hereketlendirijiniň gapagy, splitterli öň bamper, diffuzorly yzky bamper, şeýle hem giň aýnalar girýär.
Böleklere birleşdirilen aerodinamik žalýuzlar howa akymyny optimizirlemäge we gysyş güýjüni ýokarlandyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da, giňeldilen arkalar has giň tekerleri oturtmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa durnuklylygy we ýokary tizlikde barylýarka ssepleniýany ýokarlandyrýar. Hereketlendirijiniň sowadylyşyny gowulandyrmak üçin üçekde goşmaça howa kabul edilişi peýda boldy.
Mundan başga-da, Zacoe Fi Exhaust kompaniýasy bilen bilelikde Revuelto üçin ýörite gaz çykarýan ulgamyny hödürledi. Onuň tapawutly aýratynlygy, 3D printerde ýasalan täsin uçluklardyr. Olar diňe bir awtoulagyň daşky görnüşini däl-de, eýsem tehniki häsiýetnamasyny hem gowulaşdyrýarlar.
Üýtgetmeleriň bahasy aýan edilmeýär.


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......