Chevrolet Silverado pikaby bir zarýadda rekord 1704 km-i geçip rekord goýdy

  • 11.08.2025 00:00
  • 4k+

Chevrolet kompaniýasy bir zarýadda iň uzak aralygy geçen elektrik ulagy hökmünde täze dünýä rekordyny goýandygyny mälim etdi. Silverado kysymly pikabynyň batareýa bilen işleýän görnüşi 1704,6 kilometri geçmegi başardy diýip, Motor1 habar berýär. Bu iýul aýynda Lucid Air-niň goýan öňki rekordyndan 500 kilometr töweregi köpdür.

Bu netijäni gazanmak üçin Chevrolet-iň inženerleri bir hepdeläp ýapyk synag meýdançasynda we onuň golaýyndaky jemgyýetçilik ýollarynda synag geçirdiler.
Dogrusy, rekord goýan ulag az-kem üýtgeşmelere sezewar edildi: energiýa sarp edilişini azaltmak üçin sürüjiler sagatda 40 km tizlikden geçmediler we howalandyryş (klimat kontrol) ulgamyny açmadylar.
Pikap, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, birneme üýtgedildi. Ätiýaçlyk teker aýryldy, tekerler iň amatly burçlara sazlandy, tekerler mümkin bolan aňrybaş basyşa çenli çişirildi we howanyň garşylygyny azaltmak üçin ýük platformasy gapak bilen ýapyldy. Bularyň hemmesi elýeterlileriň içinde iň ýeňili bolan Silverado-nyň bazasynda edildi.
Ýöne awtoulagyň hereketlendiriji güýç gurluşy we programma üpjünçiligi üýtgemedi, ýagny nazaryýetde Silverado EV-niň eýeleriniň her biri şol bir netijäni şuňa meňzeş şertlerde gaýtalap biler.
Pikabyň batareýasy 205 kWt⋅s  kuwwatyna eýe . Resmi maglumatlara görä, adaty şertlerde modeliň ýöreýiş ätiýaçlygy 792 kilometre deňdir.


22.06.2026 14:34
2.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......