Täze Volvo XC70 birbada 4 hereketlendirijä we 1200 km ýol ätiýaçlygyna eýe boldy

  • 12.08.2025 14:47
  • 3.8k+

Volvo täze nesil krossoweri XC70 üçin deslapky sargytlary açýar. Kompaniýa ulagyň käbir tehniki aýratynlyklaryny aýtdy we oňa görä XC70 birbada dört hereketlendirijä eýe boldy.

CarNewsChina-nyň maglumatlaryna görä, model 5,28 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar we gibridler üçin döredilen täze arhitektura esaslanýar.
Esasy hereketlendiriji 163 a.g. kuwwatly 1,5 litrlik benzin bolup, oňa hereketlendirijini işletmäge kömek edýän we öňdäki tigirlere birikdirilen 82 at güýjündäki elektrik hereketlendirijisi goşuldy. Şeýle-de, 145 at güýjüni berýän ýene bir elektrik hereketlendirijisi bar. Dördünji hereketlendiriji yzky tigirleri aýlap, 212 at güýjüni berýär.


Batareýanyň zarýady ýok ýagdaýynda ýangyjyň sarp edilişi 100 km üçin 5,85 l bolar. Elektrik tirkegde XC70 200 km ýol geçip biler, umumy geçýän ýoly bolsa 1200 km barabar.
Şeýle-de, kompaniýa skandinaw stilinde mediaulgamyň displeýiniň ilkinji suratlaryny hödürledi. XC70 bilen birlikde sürüji üçin kömekçileriň döwrebap toplumy hödürlenýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, ulagyň daşky keşbiniň dizaýny hem skandinaw stilinde ýerine ýetirildi.
Hytaýda deslapky sargytlar awgustyň ahyrynda kabul edilip başlanar.


17.10.2025 17:14
5k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.5k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.7k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...

29.07.2025 19:01
5.3k+

Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy

Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär. XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat...