Týunerler BMW XM-i 1000 at güýjüne çenli güýçlendirdi

  • 01.08.2025 15:00
  • 4.5k+

G-Power atelýesi kuwwaty 950 at güýjüne we aýlanma güýji 1400 Nm deň bolan kämilleşdirilen BMW XM superkrossowerini hödürledi.

Model Mansory-dan karbon kuzow elementlerine, 23 dýuýmlyk disklere, ýörite döredilen gaz çykaryjy ulgama, kuwwaty artdyrylan goşa turboly 4,4 litrlik V8 hereketlendirijisine eýe boldy. Kuzow gara öwüşginler bilen mämişi reňkde ýerine ýetirildi. BMW XM-iň öndüriji tarapyndan hödürlenen güýç enjamy 748 at güýjüni we 1000 Nm berýärdi.
G-Power görkezijileri ýokarlandyrmagyň dolandyryş blogunyň programma üpjünçiligini optimizirlemegiň netijesinde mümkin bolandygyny belleýär. Iň ýokary tizlik çäklendirmesi 270-den 300 km/sag boldy, bu hem BMW XM-e dünýäniň iň tiz krossowerleriniň hataryna girmäge mümkinçilik berdi.
BMW XM-iň eýeleri üçin G-Power kämilleşdirilen hereketlendirijiniň birnäçe bukjasyny hödürleýär. Biri kuwwaty 850 a.g. we 1100 Nm çenli, beýlekisi 900 a.g. we 1150 Nm çenli ýokarlandyrýar. Şeýle-de, kompaniýa kuwwaty dogry 1000 a.g. barabar bolan wersiýanyň taýýarlanýandygyny habar berdi.
Geljekde şeýle wersiýalar V8-li birmeňzeş gibrid ulgamy ulanýan täze BMW M5 üçin hem elýeterli bolar.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......