BMW M3 CS Touring Nýurburgring ýolunda iň tiz seriýalaýyn uniwersal boldy

  • 04.08.2025 00:07
  • 5.2k+

BMW-niň täze M3 CS Touring modeli meşhur Nýurburgring ýolunda seriýa görnüşli uniwersal awtoulaglaryň arasynda täze rekord goýdy — ol ýoluň bir aýlawyny 7 minut 29,490 sekuntda geçdi. Bu netijäni kompaniýa aprel aýynda hasaba aldy, ýöne şu wagta çenli resmi taýdan yglan etmändi.

Täze rekord öňki rekord eýesi bolan adaty M3 Touring modelinden 5,5 sekunt çalt — onuň wagty 7:35.060 bolupdy we 2022-nji ýyldan bäri rekordy saklap gelýärdi.
Şeýle-de bolsa, CS Touring modeli sedan görnüşindäki M3 CS-den diňe 0,73 sekunt yza galdy (7:28.760). Şeýle hem, ol ýeňil M4 CS (7:21.989) we güýçli M4 CSL (7:18.137) modellerinden ep-esli pes netije görkezdi.

Aýlawy geçen sürüji — BMW M bölüminden inžener, professional ýaryşçy we tizlikli depä çykmak boýunça çempion Ýorg Waýdinger boldy. Ol “Nýurburgring” ýoluny uniwersal görnüşli awtoulagda ilkinji gezek 7 minut 30 sekuntdan az wagtda geçen sürüji hökmünde taryha girdi.
M3 CS Touring şu ýylyň başynda tanyşdyryldy. “Competition Sport” görnüşindäki modelde üç litrlik turbokompressorly alty silindrli hereketlendiriji bar. Onuň güýji 550 at güýjüne we 650 Nm torka ýetýär.
Awtomat usulda işleýän 8 basgançakly karobka bilen enjamlaşdyrylan model dört tekerden çekijidir.

  • 0-dan 100 km/sag çenli tizlige 3,5 sekuntda çykýar;
  • 100-den 200 km/sag çenli tizlenme — 11,7 sekunt.

Täze rekord BMW-niň tehnologiýadaky gazanan üstünlikleriniň nobatdaky subutnamasy hökmünde görkezilýär.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......