Genesis täze V8 hereketlendirijisini görkezdi

  • 30.07.2025 18:23
  • 7.7k+

Genesis kompaniýasy sekiz silindrli täze hereketlendirijiniň şekillerini görkezdi. Ol Oreca kompaniýasy tarapyndan çydamlylyk ýaryşy üçin işlenip düzülen GMR-001 bolidi üçin niýetlenendir diýip, CarBuzz neşiri habar berýär.

Hereketlendirijiniň eýýäm synagdan geçirilendigi we şasside oturdylandygy aýdylýar. Bu soňky ýyllarda Genesis-iň öz ilkinji V8-dir. Çeşmäniň habar bermegine görä, geljekde hereketlendiriji Magma sport subbrendiniň çäginde raýat wersiýasyny hem alyp biler.
Hereketlendirijiniň häsiýetnamasy resmi taýdan aýan edilmeýär. Onuň goşa turbo güýçlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandygy we öň Hyundai tarapyndan ralli ýaryşlarynda ulanylan iki sany birleşdirilen dört silindrli hereketlendirijiniň gurluşyndan ybaratdygy mälimdir. GMR-001 elektrik gurluşynyň bir bölegi hökmünde bu hereketlendiriji elektrik moduly bilen işlär. Jemi kuwwaty 680 at güýji bilen çäklenýär.
Şasside oturdylmazdan ozal agregatyň synag stendlerinde dürli režimlerde birnäçe aýlap synaglardan geçirilendigi habar berildi. GMR-001-iň ýola ilkinji çykyşy  awgust aýynda meýilleşdirilýär we ýaryş ýollarynda bolsa bolid indiki ýyl peýda bolar.
Kompaniýa şeýle elektrik gurluşly öz superkaryny döretmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada geçen ýylyň ahyrynda Genesis-iň döredijilik müdiri Lýuk Donkerwolke aýdypdy. Başlangyç tapgyrda Magma subbrendi bar bolan modelleriň sport görnüşlerine ünsi jemlär. Bir çaklama görä, V8 G80 sedanynda oturdylyp bilner.

düýn 21:15
2.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.9k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....