Nissan ýedi zawodyny ýapýar, 20 müňden gowrak işgär işden çykarylyp bilner

  • 08.08.2025 16:29
  • 6k+

Nissan Motor kompaniýasy Montini-Le-Bretonnýodaky (Fransiýa) sebit ofisiniň kärdeşler arkalaşygy bilen ştaty azaltmak barada gepleşiklere başlady. 560 töweregi adam zähmet çekýän bu ofisde kompaniýanyň Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky, Hindistandaky we Okeaniýadaky işleri hem dolandyrylýar.

Üýtgedip gurmak çäreleri täze baş direktor Iwan Espinosa tarapyndan 2025-nji ýylyň aprelinde yglan edildi. Nissan dünýädäki işgärleriniň 15%-ini azaltmagy meýilleşdirýär – bu, takmynan, 20 müň iş ornuna deňdir. Mundan başga-da, kompaniýa önümçilik kuwwatyny 30%, ýylda 2,5 mln awtomobile çenli azaldar. Zawodlaryň sany 17-den 10-a çenli azalar.
Bu ädimler 3,4 mlrd dollary tygşytlamaga gönükdirilendir. Şeýle çäreleriň sebäbi Hytaý we ABŞ ýaly esasy bazarlarda islegiň gowşaklygy bilen baglanyşykly boldy.
Nissan eýýäm Meksikadaky Civac zawodynda önümçiligiň bes ediljekdigi barada habar berdi, ol 2026-njy ýylyň martyna çenli ýapylar. Şeýle-de, Ýaponiýanyň Oppama (2028-nji ýylyň martyna çenli) we Sýonan (Nissan-Shatai, 2027-nji ýylyň martyna çenli) şäherlerindäki zawodlar işini bes eder.
Ýewropa, Afrika, Ýakyn Gündogar, Hindistan we Okeaniýa sebitlerinde Nissan-yň 19 müň töweregi işgäri zähmet çekýär, olardan 60%-i Ýewropada ýerleşýär.


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....