Rolls-Royce gadymy Dunhuana gaýa suratlarynyň stilinde üç awtoulag döretdi

  • 29.07.2025 12:03
  • 6.4k+

Rolls-Royce kompaniýasy özüniň Bespoke atelýesinde gadymy Dunhuana freskleriniň stilinde bezelen üç sany - Phantom, Cullinan we Spectre awtoulaglaryny görkezdi. Müň ýyldanam gowrak ozal döredilen bu gaýa suratlary buddizm sungatyny şöhlelendirýär we Merkezi Aziýanyň taryhy hem-de medeniýeti barada gymmatly maglumat çeşmesi hasaplanýar.

Dunhuan - Hytaýyň Gansu welaýatynyň Szýusýuan şäheriniň töweregindäki oazisdir. Gadymy döwürde ol Beýik Ýüpek ýolundaky Hytaýa girilýän derweze bolup hyzmat edipdir.
Hytaýyň Rolls - Royce ofisi tarapyndan sargyt edilen awtoulaglaryň kuzowy özboluşly reňkleri we bezegi üýtgeşik elementleri aldy. Şeýlelik bilen, Phantom Extended sedany Ningye Purple reňkinde bolup, Beýik Hytaý diwarynyň üstündäki gyrmyzy asmandan we 800-nji ýylyň Tan eýýamynyň şygryndan ylham alýar. Kuzowyň depesi iňlis ak reňkine boýalan. Petigi 1300 optiki süýümli çyralar we 192 sany "süýnüp barýan ýyldyz" bilen bezeldi. Interýerinde budda medeniýetiniň asman jandarlary bolan apsaralaryň şekili bolan, elde nagyşlanan "Galereýa" tapawutlanýar.
Black Badge Cullinan Series II krossoweriniň göwresi, teker diskalary we interýeri  gülgüne Danqian Pink öwüşgini aldy. Öňki oturgyçlaryna diametri 0,8 we 1,2 mm bolan 100 müň deşikli Blushing Pink derisi çekdirilendir. Kellegoýarlardaky şekiller Gudwuddaky Rolls-Royce zawodynyň depesindäki bulutlary suratlandyrýar.
Black Badge Spectre elektrik kupesi Dunhuana freskleriniň dag landşaftlaryndan ylham alyp, Qingshan Blue mawy öwüşginine, kuzowynyň depesi gara reňke  boýaldy. Interýeri gögümtil-mawy we gara reňkli deriden oturgyçlary, deriden merkezi konsoly we goýun ýüňünden dokalan halyçalary bilen tapawutlanýar.










20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...