Finlýandiýanyň paýtagtynda soňky ýylda adam pidasyna getiren ýekeje-de ýol-ulag hadysasy bolmady

  • 04.08.2025 00:15
  • 13k+

Soňky 12 aýyň dowamynda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide ýol-ulag hadysalary sebäpli ýekeje-de ölüm hadysasy hasaba alynmady. Bu barada şäher häkimligine we polisiýa gullugyna salgylanyp, Yle neşiri habar berýär.

Helsinkide soňky gezek adam pidasyna getiren ýol-ulag hadysasy 2024-nji ýylyň iýul aýynyň başynda bolupdy.
Ulag inženeri Roni Utrianeniň aýtmagyna görä, şeýle oňyn statistika ýol tizlikleriniň çäklendirilmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly. Häzirki wagtda şäher köçeleriniň ýarysyndan gowragynda iň ýokary tizlik 30 km/sagat bilen çäklendirilendir. Täze okuw ýylynyň başlamagy bilen bu düzgün ähli mekdepleriň töwereginde hem ornaşdyrylar.
Geçirilen çäreleriň arasynda köçeleriň dizaýnynyň üýtgedilmegi hem möhüm täsir etdi. Soňky ýyllarda Helsinkide pyýadalar we welosiped sürüjileri üçin infrastruktura gowulandyryldy, täze wideo kameralar we awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlary ornaşdyryldy. Mundan başga-da, şäherde jemgyýetçilik ulaglarynyň netijeli ulgamy öz maşynlaryny ulanmak zerurlygyny azaldýar.
Şeýle hem häzirki zaman awtoulaglarynyň we beýleki şahsy ulaglaryň howpsuzlygynyň ýokarlanandygy bellenilýär.
Oňyn statistika diňe bir ölüm derejesine däl-de, eýsem ýol hadysalarynyň umumy sanyna hem degişli. Ilaty 690 müň adam bolan şäherde geçen ýylyň dowamynda bary-ýogy 277 sany şikes bilen gutaran ýol hadysasy hasaba alyndy. Bu 1980-nji ýyllaryň ahyryndaky 1000 töweregi hadysa we ýylda 30 adam pida bolan döwür bilen deňeşdirilende ep-esli pesdir.
Utrianen bu netijeleri birnäçe ýyllyk ulgamlaýyn işleriň netijesi diýip atlandyrdy. Ol Helsinkiniň ýol hadysalarynda pyýadalaryň ölüm derejesini nola ýetirmegi ilkinji gezek 2019-njy ýylda başardandygyny ýatlatdy.


14.06.2025 19:13
4.3k+

Toyota we Harvia kompaniýasy dünýäde ilkinji wodorodda işleýän saunany döretdiler

Toyota kompaniýasy Finlýandiýanyň Harvia kompaniýasy bilen bilelikde wodorod bilen işleýän dünýäde ilkinji gyzdyryjyly saunany döretdi. Bu taslama iýul aýynyň ahyrynda Finlýandiýada geçiriljek rallide aýan ediler...

düýn 18:14
2.8k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

15.05.2026 17:45
3.5k+

BMW-niň baş direktory Oliwer Sipse wezipeden gitdi

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň baş direktory Oliwer Sipse wezipesinden gitdi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat relizinde habar berilýär....

15.05.2026 11:08
2.7k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....