Ferrari Purosangue-leriň hemmesini diýen ýaly tormoz kemçiligi sebäpli yzyna çagyrar

  • 30.07.2025 18:25
  • 3.8k+

Ferrari kompaniýasy 2025-nji ýylyň fewralyndan şu wagta çenli öndürilen Purosangue krossowerleriniň hemmesini diýen ýaly yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habaryna görä , diňe ABŞ-nyň bazaryndan 541 ulag hyzmat merkezlerine iberiler.

Yza çagyryş predohranitel gutusynda gysga utgaşmanyň bolmagynyň mümkindigi bilen bagly, ol ulagyň tormoz tutuşyny ýaramazlaşdyryp we heläkçilige sezewar edip biler. Autoevolition neşiriniň belleýşi ýaly, yzyna çagyryş kampaniýasy şu ýylyň fewral aýyndan öň öndürilen Purosangue modelleriniň agramly bölegine täsir eder.
Bu mesele ulagyň hytaýly eýeleriniň tormozyň işleýşiniň duýdansyz togtandygyny habar berenden soň ýüze çykaryldy. Içerki geçirilen derňewde näsazlygyň predohranitel gutusynyň gurluşy bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Gurallar panelindäki duýduryş çyrasy we tormoz ulgamynda näsazlygyň ýüze çykandygy barada hyzmat habary sürüjä näsazlyk barada duýduryş berýär. Bejeriş çäresi hökmünde Ferrari blokda gysga utgaşma howpuny aradan aýyrýan goşmaça prokladka oturdar.
Purosangue krossoweri Ferrari brendiniň ilkinji wsedorožnigi boldy. Onuň ilkinji görkezilişi 2022-nji ýylyň güýzünde guraldy, başlangyç bahasy takmynan 400 müň dollar boldy. Ähli önümçilik slotlary birnäçe ýyl öňünden satyn alyndy.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......