Jeep iň äpet modeliniň täzelenmesini taýýarlaýar

  • 12.08.2025 09:46
  • 7.4k+

Jeep kompaniýasy adaty ýollardan daşary niýetlenen Grand Wagoneer ulagynyň premýerasyna taýýarlanýar. Markanyň flagmany hasaplanýan bu model kuzowyň üýtgedilen öň bölegine we gibrid ulgama eýe bolar.

Hödürlenen suratlarda ykjam radiator gözenegi, täze yşyklandyryş enjamlary, uly howa ýygnaýjylary bilen ulaldylan bamper we kapotda üýtgedilen ýazgy görünýär. Şeýle-de, suratda öňdäki çep ganatda goşmaça lýuk bar. Ähtimal, ol zarýad porty üçin niýetlenen bolsa gerek.
Wersiýalaryň birine görä, Grand Wagoneer gibrid enjamy Ram 1500 Ramcharger modelinden alar – umumy kuwwaty 670 at güýjüne barabar bolan 3,6 litrlik V6 benzin hereketlendirijisi we iki elektrik hereketlendirijisi. Şol bir wagtyň özünde, içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň hatary, şol sanda 540 a.g. kuwwatly alty silindrli Hurricane hereketlendirijisi saklanyp galar diýlip pikir edilýär. Geljekde klassyk V8-iň hem gaýdyp gelmegine garaşylýar. Resmi premýera Los-Anjelesdäki awtosalonda ýylyň ahyryna çenli bolup biler.
Şeýle-de, Jeep Gladiator pikapyny täzelär. Model hataryna kuwwaty 470 a.g. we aýlanma güýji 637 Nm bolan 6,4 litrlik V8 HEMI hereketlendirijili Rubicon 392 wersiýasy gaýtaryp getiriler. Bu Gladiator-y soňky ýyllarda şeýle hereketlendirijini alan ilkinji orta göwrümli köpçülikleýin pikap eder. Awtomobil 35 dýuýmlyk tekerlere, goşa gaz çykarýan turba eýe bolar. Ulag 100 000 dollara düşüp biler. Ony Ford Raptor R-iň bäsdeşi diýip atlandyrýarlar.

düýn 21:15
2.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....