Hyundai Palisade 2026 tanyşdyryldy: Gibrid, 2,5 litrlik hereketlendiriji, ýöreýiş ätiýaçlygy 1000 km

  • 07.08.2025 12:51
  • 5.3k+

Hyundai Motor Hytaý bazary üçin Palisade 2026 wnedorožnigini hödürledi. Modeliň satuwy 29-njy awgustda Çendu awtoulag sergisinde başlar.

Täze model diňe 2,5 litrlik hereketlendirijiler bilen - 281 at güýçli turbo görnüşli benzinli hereketlendiriji we 334 at güýjüni öndürýän gibrid gurluş bilen elýeterlidir.
Deňeşdirmek üçin, Palisade 2023-iň häzirki hytaý wersiýasy tebigy islegli 3,5 litrlik V6 bilen enjamlaşdyrylandyr. 2026-njy ýylyň modeliniň daşky görnüşi üýtgemedi diýen ýaly - uly hrom radiator gözenegini, adaty gapy tutawaçlaryny we yz tarapyndaky goşa tüsseçykaryny saklap galdy.


Salony 12,3 dýuýmlyk iki ekran, daş-töweregi yşyklandyryş, iki bölümli lýuk we transmissiýa režiminiň rulda oturdylan ýakyp-öçürijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Öňdäki we ikinji hatardaky oturgyçlar gyzdyryjylary we şemalladyjylary, üçünji hatardakylar bolsa diňe gyzdyryjylary aldy. Şeýle hem, ikinji hatar üçin tutujyklar we ikinji hatarda aýratyn oturgyçlar göz öňünde tutulan.
Awtoulagyň ölçegleri 5060 × 1980 × 1805 mm, teker bazasy 2970 mm. Gibrid görnüşiniň iň ýokary ýöreýiş ätiýaçlygy 1000 kilometrden geçýär.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....