Toyota kompaniýasy Supra 2027-ni çykarmakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär

  • 29.07.2025 12:13
  • 8.5k+

Toyota kompaniýasy Supra modeliniň indiki neslini işläp taýýarlamakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes eder. Bu barada Best Car ýapon neşiri habar berdi.

2027-nji ýylyň täze GR Supra modeli doly derejede ýapon üpjünçiligine eýe bolar: awtomobil Toyota-nyň kuwwaty, takmynan, 400 at güýji bolan 2,0 litrlik gibrid hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylar, şol bir wagtyň özünde model yzky herekete getirijini saklap galar.
Häzirki nesil A90 Supra BMW bilen bilelikde taýýarlanan bolup, ol nemes platformasyny, şol sanda 3,0 litrlik turbo hereketlendirijisini ulanýar. Bäş ýylyň içinde ABŞ-da 24 000 töweregi, ýagny meňzeş BMW Z4 bilen deňeşdirilende tas iki esse köp Supra-nyň satylandygyna garamazdan, Gazoo Racing bölümçesi bilelikdäki platformadan ýüz öwürmek kararyna geldi.
2025-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada 434 a.g. kuwwatly Final Edition Supra hödürlendi, onuň bahasy 15 mln ýena (takmynan, 101 000 dollar) boldy. ABŞ-da 382 a.g. hereketlendirijili we alty basgançakly mehaniki hereket gutusy bilen 100 ulagdan ybarat çäkli tapgyr çykaryldy. Ol 69 085 dollardan hödürlendi.
Häzirki Supra-nyň önümçiliginiň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar, täze wersiýa bolsa 2027-nji ýylda hödürlener. Resmi däl maglumatlara görä, Toyota CX-70 modelinden 6 silindrli Mazda hereketlendirijisini hem synagdan geçirýär, ýöne esasy üns ýeňil we netijeli gibrid hereketlendirijisine gönükdiriler.


düýn 21:15
2.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......