Welosipedçi hereket edip barýan Formula-1 ulagynyň üstünden böküp, howply tilsimi ýerine ýetirdi

  • 11.08.2025 17:14
  • 9.9k+

33 ýaşly şotlandiýaly BMX türgeni Kriss Kaýl Red Bull Racing toparynyň goldawy bilen, ilkinji gezek hereket edýän Formula-1 bolidiniň üstünden welosiped bilen böküş ýerine ýetirdi. Bu adaty bolmadyk we töwekgelçilikli tilsimiň wideosy internete paýlaşyldy.

Türgeniň sözlerine görä, bu böküş ideýasy onda iki ýyl öň döräpdir, taýýarlyk bolsa takmynan ýedi aý dowam edipdir. Şol döwürde zerur hasaplamalar we türgenleşikler geçirilipdir.
Böküş Gudwuddaky trassada amala aşyryldy. Formula-1 ulagyny meşhur sürüji Dewid Koulthard dolandyrdy, ol welosipedçi bilen garşy ugurda sagatda 65 kilometrlik tizlikde hereket edýärdi. Kriss Kaýl bu böküşiniň karýerasyndaky iň howply synag bolandygyny aýtdy. Ol, ugruň ýa-da böküş beýikliginiň hasaplamasynda iň kiçi ýalňyşyň hem agyr netijelere — meselem, bolidiň wagtynda geçip ýetişmezligine — sebäp bolup biljekdigini belledi. Şeýle hem garşylyklaýyn güýçli ýeliň ýagdaýy has kynlaşdyrandygyny aýtdy.


29.05.2026 23:29
4.3k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 14:15
3.6k+

Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär....

06.02.2026 13:09
1.1k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler...