Ne maşyn, ne-de motor: Kanadada Hyundai Tiburon bilen Honda motosiklinden garylyp ýasalan üç tekerli ulag satylýar

  • 11.08.2025 01:01
  • 12k+

Kanadada Hyundai Tiburon kupesiniň we Honda Goldwing motosikliniň böleklerinden elde ýygnalan üç tekerli ulag (trisikl) satuwa çykaryldy. Adaty bolmadyk bu ulagyň bahasy 4,5 müň dollar diýip, Carscoops habar berýär.

Suratlardan görnüşine görä, trisikliň öňki bölegi Hyundai Tiburon (Hyundai Coupe) ulagyndan alnypdyr. Ulagyň hereketlendirijisi, korpus gurluşy we asma ulgamy saklanypdyr. Rul merkezine geçirilip, elde ýasalan panel bilen enjamlaşdyrylypdyr. Öňündäki aýnasy ýok.
Ulagyň yzky bölegine Honda Goldwing motosikliniň oturgyjy we yzky podweska ulgamy goşulypdyr. Oturylyşy motosikliňkä meňzeýär, emma dolandyryşy awtoulagdaky ýaly: ruly, pedaly we awtomat geçiriş gutusynyň selektory bar.


Satyjynyň aýtmagyna görä, hereketlendiriji Tiburon-yň adaty 2 litrlik, 140 at güýjüne çenli kuwwaty bolan motorydyr. Tehniki taýdan başga üýtgeşme barada maglumat berilmeýär.
Traýk resmi taýdan kwadrotsikl hökmünde hasaba alyndy, ýöne ony jemgyýetçilik  ýollarynda sürmäge rugsat berilmeýär.




02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

08.05.2026 16:04
4.1k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....