Volkswagen iň uly Grand California ulag-öýüni täzeledi

  • 06.08.2025 16:14
  • 5.5k+

Volkswagen awgust aýynyň ahyrynda Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde geçiriljek sergide Grand California kemperiniň täzelenen görnüşini görkezmäge taýýarlanýar. Häzirlikçe öndüriji täze modeliň diňe iki suratyny çap etdi. Ulag-öý  diňe bir aýdan soň doly görkeziler.

Kemper täjirçilik Volkswagen Crafter-e esasynda gurlan. Setir iki görnüşini hem saklar: standart 600 we uzaldylan 680. Asyl ulagyň gabarasynyň uludygy sebäpli içerde hakyky duşly hammam ýerleşdirildi.
Interýeri çal reňkdäki açyk agaç elementleri bilen bezelipdir. Stol tagtasy we elýuwaryň nowasy goýy çal reňkde bolýar. Işläp düzüjiler bezegiň Ortaýer deňzi ýahtalaryndan ylham alandygyny bellediler.
Tebigata çykylanda amatly bolar ýaly, salondan çykaryp, daşarda nahar bişirmek üçin ulanyp boljak täze stol peýda boldy. Ýokarky şkaflarda ulag hereketde wagty  zatlary saklar ýaly torlar bar. Ýaşaýyş meýdanyny garaňkyradýan we amatly temperaturany saklamaga kömek edýän penjireler üçin tutular sargyt edilip bilner.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......