Hytaýda altyndan nyşanlary we 1196 at güýji bolan kaşaň ulag satylyp başlandy

  • 03.08.2025 17:04
  • 13k+

Hytaýda BYD konserniniň doly göwrümli Yangwang U8L ulagy üçin sargytlar açyldy. Ulanyjylar islege görä daşynda 24 karat altyndan ýasalan iki nyşan we rulda ýene bir altyn logotip bolan wersiýany satyn alyp biler.

Ýolsuz ýerden ýöreýän ulag deslapky sargyt tapgyrynda 1,3 mln ýuana (takmynan, 180,5 müň dollar) durýar. Bronlamak üçin ýene 20 müň ýuan (takmynan, 2780 dollar) tölemeli.
Yangwang U8L ulagy U8 modeliniň uzaldylan görnüşidir. Umumy uzynlyk 81 mm, teker bazasy bolsa 200 mm, 3250 mm çenli artdyryldy. Ol generator režiminde işleýän iki litrlik turbo hereketlendirijisi we dört elektrik hereketlendirijisi bilen gibrid ulgama eýe boldy. Umumy kuwwat 1196 at güýjüne we aýlanma güýji 1280 Nm barabar. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 3,6 sekunt wagt alýar, bir zarýadda geçýän menzili – 1000 km çenli.


Ulag alty adama niýetlenýär. Esasy aýratynlyklarynyň arasynda iki açylýan yzky gapy, 23 dýuýmlyk tigirler, şeýle-de gapdala hereket etmek we duran ýerinde öwrülmek funksiýasy bar.
Awtomobil bir tekeri deşilen ýagdaýynda üç tekerde hereketi dowam etdirip biler.
Salon öň panelde üç ekran (iki panel – 23,6 dýuým, merkezi sensor ekran – 12,8 dýuým) we yzky ýolagçylar üçin potolok displeýi bilen enjamlaşdyryldy. Ilkinji iki hatar oturgyçlary gyzdyrma, wentilýasiýa we massaž bilen üpjün edildi, yzky aýnalarda garalmak funksiýasy bar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......