1548 at güýçli Xiaomi SU7 Ultra jimhana stilinde peşeýär we tekerlerini tüsseledýär

  • 06.08.2025 16:03
  • 4.1k+

UPDRIFT YouTube kanaly 1548 at güýji bolan Xiaomi SU7 Ultra elektrik awtoulagyny görkezýän dokuz minutlyk wideony çykardy. Hytaýly ýaryş sürüjisi Ýe Çžiçena tarapyndan dolandyrylýan bu awtoulag “jimhana” stilindäki ýeser tilsimleri ýerine ýetirýär.

Wideoda dürli tilsimler görkezilýär: awtoulag töwerekläp aýlanýar, gapdallygyna sürülýär, ýolgyra we demir germew päsgelçilikleriniň howply golaýjygyndan geçende tekerlerini tüsseledýär. Görnüşleriň birinde iki sany Lincoln limuziny päsgelçilik hökmünde çykyş edýär.
Ýaryşçy sürüji operatorlar bilen bilelikde hili we dinamikasy boýunça awtosportyň höwesjeňler görnüşi bolan, çäkli ýolda ýokary tizlikli hereket etmek görnüşindäki  hakyky “jimhanadan”  pes bolmadyk wideony döretmegi başardy.
SU7 Ultra üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi, olaryň ikisi yzky okda we birisi öň tarapkyda. Awtoulag bary-ýogy 2 sekuntda noldan 100 km / sag tizlige çykýar.


düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......