Ford tormoz näsazlyklary sebäpli 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar

  • 04.08.2025 17:05
  • 3.7k+

Ford kompaniýasy elektron tormoz güýçlendirijisiniň mümkin bolan näsazlygy sebäpli ABŞ-da 312 müň awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlyk edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär.

Bu näsazlyk ulaga tormoz berlende, bökdençlik döredip, tormoz aralygyny uzaldyp biler. Bu bolsa heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Mesele adaty sürüşde-de, sürüjä kömek ulgamy ulanylanda-da ýüze çykyp biler.
Kampaniýanyň çäklerinde Lincoln Navigator, Ford F-150, Expedition, Bronco we Ranger modelleri hyzmat merkezlerine iberiler. Awtoulag eýeleri üçin elektron tormoz güýçlendirijisini (EBB) dolandyrýan programma üpjünçiligi mugt täzelener.
Mundan öň iýulda Ford ýangyç nasosynyň näsazlygy sebäpli 850 318 awtomobili yzyna ýygnapdy. Şol wagt sanawa Ford Mustang, F-150 we Lincoln Aviator düşdi. Şeýle-de, ýangyna getirip biljek ýangyjyň syzmak ähtimallygy sebäpli hyzmat merkezlerine 694 271 sany 2021—2024-nji ýyllaryň Bronco Sport we 2020-2022-nji ýyllaryň Escape awtomobili iberildi.


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....