Bugatti W16 hereketlendirijisini alan ýeke-täk nusgada özboluşly Brouillard giperkaryny görkezdi

  • 10.08.2025 14:16
  • 6.4k+

Bugatti niderlandly işewür Mişel Perridonyň ýörite sargydy boýunça döredilen özboluşly Brouillard giperkaryny hödürledi.

Model alýumin elementleri bilen karbon şassisinde guruldy we diňe ýaryş ýollary üçin niýetlenendir. Awtomobil Chiron modeli ýaly kuwwaty 1600 at güýjüne deň bolan dört turbinaly 8 litrlik W16 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy.
Ulagyň daşky görnüşi nal şekilli uly radiator gözenegi, göze ilip duran öňdäki bamper we goşmaça howa ýygnaýjylary bilen yşyk diodly faralar bilen tapawutlanýar. Gapdal taraplarynda C şekilli oýlar we uglerod süýüminden ýasalan detallar bar. Kuzow ýiti ýaşyl reňke boýaldy. Yz tarapynda spoýler, X şekilli çyralar we dört sany gaz çykarýan turba bar.
Interýerde hem ýaşyl öwüşginler bolup, ol Chiron-yň interýerine meňzeýär. Oturgyçlar Parižde sargyt esasynda taýýarlanan gözenek nagyşly mata bilen bezeldi. Dizaýnda uglerod süýümi we alýumin giňden ulanyldy. Elde ýasalan Bruýýar atynyň heýkeli aýratyn ünsi çekýär, ol alýumin hereket geçirijisiniň aýna böleginde ýerleşdirildi.

düýn 21:15
2.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....