Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmak ulgamyny patentledi

  • 28.07.2025 19:03
  • 4.5k+

Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa üçin patent arzasyny berdi.

Patent 25-nji iýulda Hytaýda neşir edildi. Onda hatda galmagalyň arasynda awtomobiliň salonyndan daşary aýdylýan ses buýruklaryny tanaýan ulgam barada beýan edilýär.
Beýanda çözgüdiň awtomobiliň korpusyna gurnalan mikrofonlara esaslanýandygy görkezilýär. Ulgam dürli ugurlardan gelýän sesleri seljerýär, olary deslapky filtrden geçirýär, ses çeşmelerini we buýrugyň takyk ýerini kesgitleýär.
Şondan soň esasy sözleri gözlemek moduly işläp başlaýar we degişli buýruk elektron dolandyryş bloguna geçirilýär. Sürüji ses buýrugy arkaly awtomobiliň içinde bolmazdan bagaž ýerini açyp, hereketlendirijini işledip ýa-da faralary ýakyp biler.
Patent Xiaomi Auto, Xiaomi Mobile we onuň golçur kärhanasy Pinecone üçin hasaba alyndy. Bu tehnologiýanyň SU7 ekoulgamynyň we brendiň geljekki elektromobilleriniň bir bölegi bolar diýlip garaşylýar.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......