BMW 2026-njy ýylda Final Edition ýörite wersiýasy bilen Z4-iň önümçiligini soňlaýar

  • 10.08.2025 21:32
  • 3.3k+

BMW Z4 rodsteriniň  önümçiligini 2026-njy ýylyň maý aýynda tamamlar. Awtoulaglaryň soňky topary M40i görnüşinde çykar. "Hoşlaşyk" modeli hökmünde bawariýalylar ýazda Z4 Final Edition atly ýörite wersiýasyny hödürlärler.

Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, Final Edition aýratyn elementleri - BMW-nyň Individual programmasyndan kuzowyň ýörite reňklerini, täze ýeňil garyndy tekerleri we salonyň firma bezeg elementlerini alyp biler. Çäkli seriýanyň ýagdaýyny nygtaýan täsin nyşanlaryň bolmagy hem mümkindir. Modeliň M Performance bukjasyna esaslanmagyna garaşylýar. Saýlawlaryň arasynda el bilen geçiriş peýda bolup biler.
BMW öň 8-Series, M3, M8 we M760i V12 ýaly modeller bilen hoşlaşyk wersiýalaryny çykarypdy.

Täze wersiýanyň çak edilýän bahasy 80 müň dollardan geçip biler. Bu BMW-den nusgawy açyk dizaýnly rodsterleri satyn almak üçin iň soňky mümkinçilikleriň biri bolar, kompaniýa oňa mirasdüşer öndürmegi meýilleşdirmeýär. Modeliň önümçiligi 2026-njy ýylda çykarylmagy bes ediljek Toyota Supra bilen bir wagtda tamamlanar.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......