Toyota 2028-nji ýylda Camry, Land Cruiser we 4Runner ulaglarynyň modellerini täzelär

  • 05.08.2025 15:15
  • 11k+

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin awtomobil hataryny düýpli täzelemegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, 2028-nji ýylda kompaniýa täzelenen Camry, Land Cruiser 250 (ABŞ-da model diňe Land Cruiser diýlip atlandyrylýar) we 4Runner ulaglaryny hödürlär diýip, Automotive News ýazýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, üýtgeşmeler, esasan, daşky dizaýn bilen bagly bolar, hereketlendirijiler bolsa öňküligine galyp biler.
2027-nji ýyla çenli Toyota düýbünden täze Corolla-ny hödürlär. Wodorod ýangyjynda işleýän Mirai 2028-nji ýyla çenli häzirki dizaýnyny saklar.
2026-njy ýylda täzelenen Crown fastbegi hödürlener, 2027-nji ýylda bolsa Tesla Model S bilen bäsleşip biljek, ýöne arzan boljak uly elektrik sedany çykar. Ol hytaý bazary üçin bZ7 modeliniň esasynda gurlup bilner.


düýn 21:15
2.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....