Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy

  • 29.07.2025 19:01
  • 5.4k+

Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär.

XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat.
Teker bazasy 2895 mm, gabarasy 4815 x 1890 x 1650 mm.
Işläp düzüjiler modeliň daşky görnüşine aýratyn üns berdiler. XC70 kuzowa oturdylan "Toranyň çekiji" LED faralaryny we C görnüşli yzky çyralary aldy. Awtoulag dört reňkde çykdy: "hrustal ak", " gara agat ", " çal duman " we "gök denim".
Awtoulag litiý-demir-fosfat akkumulýatorlaryny hem, litiý-ion akkumulýatorlaryny hem goldaýar, ýöne olaryň takyk häsiýetnamasy entek aýan edilmedi.
Sürüji howpsuzlygyň ösen ulgamlaryndan, awtoulag duralgasynda kömek ulgamyndan, awtomatik tormoz tutuş we iň möhüm programmalary hem-de hyzmatlary goldaýan multimediýa ulgamlaryndan peýdalanyp biler.
XC70 2025-nji ýylyň awgust aýynda satylyp başlanar, öňünden sargytlar eýýäm kabul edilip başlandy.


27.01.2026 10:20
2.2k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.9k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...