Volkswagen T-Roc-yň täze nesli resmi tanyşdyrylyşdan öň görkezildi

  • 10.08.2025 22:51
  • 2.3k+

Volkswagen kompaniýasy sentýabr aýynda Mýunhen awtoulag sergisinde T-Roc krossoweriniň ikinji neslini görkezmäge taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, täze modeliň daşky we içki suratlary eýýäm internetde peýda boldy. Hytaýyň AutoHome neşiri suratlaryň nireden gelendigini görkezmezden,  neşir etdi.

Suratlar T-Roc-yň dizaýnynyň brendiň häzirki zaman ülňülerine laýyk getirilendigini görkezýär. Awtoulagda VW Golf-iň häsiýetleri bilen markanyň elektrik wsedorožniklerini utgaşdyrýar. Dinamiki sudury saklanyp galypdyr, ýöne dizaýnerler yzky stoýkalary üýtgedip, gara bezegli has mese-mälim bamperleri goşup, optikany täzelediler. LED zolaklar we yşyklandyrylan logotip peýda boldy.
Salony hem Volkswagen-iň häzirki modelleriniň stilinde bezelendir. Krossowerde täze dolandyryş paneli, has uly multimediýa ulgamly ekran we fiziki düwmeli üç dilli ruly bar.

AutoHome-niň berýän maglumatlaryna görä, hereketlendirijiniň hataryna ýumşak gibrid ulgamly benzin gurluşlary girer - muňa bagažyň gapagyndaky eTSI belligi şaýatlyk edýär. Zarýad berilýän gibridiň çykarylmagy hem mümkindir. Käbir hereketlendirijileri, belki, Golf-yňky ýaly bolar.
Häzirki wagtda Hytaýyň bazary üçin niýetlenen T-Roc 160 at güýjüne çenli güýçlendiriji we ýedi tizlikli robot geçiriji karobkasy bilen işleýän turbo görnüşli hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......