Infiniti birbada üç sany täze modeli: kross-kupeni we QX80-iň iki görnüşini bildiriş etdi

  • 11.08.2025 15:54
  • 4.2k+

Infiniti premium brendi 15-nji awgustda ABŞ-da geçiriljek Monterey Car Week sergisinde üç sany täze konsepti görkezjekdigini mälim etdi. Bularyň hemmesi soňlugy bilen önümçilik awtoulaglaryna öwrüler.

Esasy täzelik QX65 kross-kupe bolar, öňdäki optikanyň we kapotyň bölekleri görkezilip, çap edilen surat muňa şaýatlyk edýär. Konsept häzirki QX60 modeliniň platformasynda guruldy we eýýäm ýol synaglaryndan geçýär.
Galan iki model - QX80 SUV modifikasiýasy. Olardan birine QX80 Terrain Spec diýilýär. Bu wersiýa ýerden beýikligi ulaldylandygy, has kuwwatly tekerleri we depesindäki yşyk balkasy bilen tapawutlanýar. Deslapky maglumatlara görä, Ol Nissan Armada Pro-4X önümçilik modeline esaslanyp biler. Şeýle QX80, mysal üçin, Lexus LX700h Overtrail bilen bäsleşip biler.
Ikinji konsept - QX80 Track Spec - diňe asfalt ýoldan hereket etmek üçin döredilen ýaly. Dizaýn nukdaýnazaryndan ol sport podweskasy we üýtgedilen daşky görnüşi bolan Nissan Armada Nismo-ny has ýada salýar.


08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....