2.4k+

Range Rover ilkinji gezek logotip edindi

Range Rover 1970-nji ýyllarda döredilenden bäri ilkinji gezek öz logotipi bilen tanyşdyrdy. Dikligine deňleşdirilen altynsow reňkli R harpy görnüşindäki täze nyşan awtoulaglardaky däp bolan nyşanyň ornuny tutmasa-da, brendiň wizual stiliniň elementine öwrüler...

3.1k+

Tesla Seminiň netijeliligi hakyky synaglarda barlanyp görüldi

ArcBest logistika kompaniýasy tarapyndan geçirilen üç hepdelik synagda Tesla Semi elektrik ýük ulagy bir mile (1,6 km) 1,55 kilowat sagat energiýa sarp edýändigini görkezdi. Bu ulag 7230 kilometrden gowrak ýoly geçip, hakyky ýük daşamakda yzygiderli ulanylýardy...

2.1k+

Lamborghini meýilnamalaryny üýtgedip, Urus-y elektrikleşdirilmegini yza süýşürdi

Lamborghini Urus krossoweriniň elektrik çekişine geçmegi azyndan 2035-nji ýyla çenli yza süýşürilýär. Bu barada kompaniýanyň başlygy Stefan Winkelmann Autoсar-a beren interwýusynda habar berdi. Meýilnamalaryň täzeden gözden geçirilmeginiň awtoulag bazaryndaky näbellilik sebäpli ýüze çykandygyny mälim etdi...

4.9k+

Ilon Mask Tesla-nyň taryhynda iň “beýik” tanyşdyrylyşy wada berdi

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask şu ýylyň ahyrynda, onuň aýtmagyna görä, kompaniýanyň taryhynda “iň beýik” boljak çäräniň meýilleşdirilýändigini yglan etdi. “Şu wagt Tesla-nyň dizaýn studiýasyndan çykdym. Iň beýik tanyşdyrylyş ýylyň ahyrynda bolar...

3.5k+

Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň jemi boýunça Volkswagen konserni Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi. Handelsblatt neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, VW Group-yň düzümine girýän ähli brendleriň batareýa bilen işleýän modelleriniň satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sebitde 89% ýokarlandy we 347 900 birlige ýetdi...

10k+

Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy

Lexus kompaniýasy hereket edip barýan ulaglarda tennis oýny bilen bagly Ginnesiň iki rekordyny goýmaga gatnaşdy. Britaniýaly tennisçiler Jeými Marreý we Lora Robson 47 km/sag tizlik bilen hereket edip barýan awtomobilleriň üçeginde durmak bilen, birek-birege yzygider 101 gezek top geçirdi...

8.4k+

Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy

Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy...

3k+

Lucid Air sedany bir gezeklik zarýad bilen rekord 1205 km ýol geçdi

Lucid Air elektrik sedany bir gezeklik zarýad bilen 1205 km ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan bellige alyndy. Rekord Sankt-Moris şäherinden (Şweýsariýa) Mýunhen şäherine (Germaniýa) çenli aralykda, Ýewropanyň umumy ýollarynda goýuldy...

4.1k+

Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar

Stellantis konserni BlueHDi dizel hereketlendirijilerinde gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň wagtyndan öň könelýändigi sebäpli Ýewropada awtoulaglary köpçülikleýin yzyna çagyrmak kampaniýasyny başlatdy. Hyzmat kampaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli öndürilen alty brende - Peugeot, Citroen, Opel, Vauxhall, DS we Fiat modellerine degişli...

5k+

Xiaomi YU7 krossowerine nobat 62 hepdä çekýär

Xiaomi kompaniýasy özüniň ikinji modeli bolan YU7 elektrokrossoweriniň ibermelerine başlady. Ilkinji awtoulaglar Hytaýyň 58 şäherindäki eýelerine gowşuryldy. Emma ýokary isleg we önümçilik kuwwatynyň çäklidigi sebäpli, bu ulagyň esasy görnüşi üçin garaşmaly wagt 62 hepdä ýetdi diýip, «Cnevpost» habar berýär...

3k+

Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz

Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy. Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy...

6.3k+

Audi ilkinji gezek Gün benzininde synag edildi

Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy ilkinji gezek awtoulagda sintetiki Gün ýangyjyny ulandy. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu özboluşly benzinde ilkinji bolup 1985-nji ýylda öndürilen meşhur «Audi Sport Quattro» modeli sürlüp görüldi...

3.6k+

Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar...

6.3k+

Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy

Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar. Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar...

8.2k+

Bentley 20 ýyldan soň ilkinji gezek nyşanyny täzeledi

Bentley ganatly nyşany bolan Winged B-niň täze görnüşini resmi taýdan hödürledi. Bu logotipiň soňky 20 ýylyň dowamyndaky ilkinji täzelenmesi bolup, brendiň 106 ýyllyk taryhyndaky bäşinji täzelenmesidir. Täze logotip ilkinji gezek 8-nji iýulda tanyşdyryljak konsept awtoulagda peýda bolar...