Xiaomi YU7 krossowerine nobat 62 hepdä çekýär

  • 08.07.2025 17:44
  • 5.4k+

Xiaomi kompaniýasy özüniň ikinji modeli bolan YU7 elektrokrossoweriniň ibermelerine başlady. Ilkinji awtoulaglar Hytaýyň 58 şäherindäki eýelerine gowşuryldy. Emma ýokary isleg we önümçilik kuwwatynyň çäklidigi sebäpli, bu ulagyň esasy görnüşi üçin garaşmaly wagt 62 hepdä ýetdi diýip, «Cnevpost» habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, has gymmat bolan Pro we Max görnüşleriniň garaşylýan wagty has gysga – degişlilikde 56 we 48 hepde.
YU7-ä bolan isleg şeýle bir güýçli boldy welin, sargytlar açylan badyna ilkinji üç günde 315 müňden hem köp ýüzlenme gowşupdyr. Şeýle-de bolsa, häzirki zawod ýylyň dowamynda diňe iki modelden jemi 150 müň awtoulag öndürip bilýär.
Ilkinji alyjylaryň käbirine awtoulaglary kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýunyň hut özi gowşurypdyr. Onuň sözlerine görä, YU7-ni satyn alýanlar esasan iki topara bölünýär: tehnologiýa we dinamika muşdaklary, şeýle hem elektrokrossowerini gündelik ulagy hökmünde görýän çagaly maşgalalar.
Awtoulagy ilkinjileriň hatarynda almak üçin, sargytlar başlanan badyna ýüz tutup, 20 müň ýuana barabar goýum goýmak zerurdy.
Elektrokrossower üçin şeýle uzak garaşmak ýagdaýy ýakyn aýlarda üýtgäp biler: Xiaomi tomsuň ahyryna çenli ikinji zawodyny işe girizmegi meýilleşdirýär, häzirki wagtda şol zawod üçin işgärler kabul edilýär. Täze zawod önümçilige başlasa, nobatyň wagty azalsa gerek.


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......