Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy

  • 06.07.2025 14:41
  • 6.8k+

Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar.

Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar. Taslama salgyt ýeňillikleri we FAME-II programmasy arkaly döwlet tarapyndan goldanyldy.
Elektrokar 120-150 km ýoly üpjün edýän LFP akkumulýatory bilen enjamlaşdyryldy. Hojalyk rozetkasyndan zarýad 6-7 sagat wagt alýar. Önümçilik doly derejede ýerli bolup, batareýalar, hereketlendirijiler we elektronika Hindistanda öndürilýär. Bu bolsa ulagyň bahasynyň ep-esli arzan bolmagyna mümkinçilik berýär.
Yakuza Mini dar köçeler we hereketli şäherler üçin niýetlenýär. Ol kurýerler, talyplar we işçiler üçin laýyk gelýär. Awtomobil LED çyrasy, yzky görnüş kamerasy, esasy audioulgam we sanly panel bilen üpjün edildi. Ulag şäher hereketiniň esasy talaplaryna jogap berýär. 


düýn 18:36
2.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......