Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz

  • 08.07.2025 10:36
  • 3.3k+

Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy.

Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy. Faweniň aýtmagyna görä, brend köpçülikleýin bolmagynda galýar, ýöne premium segmentinde we arzan awtomobilleriň bazarynda orun üçin bäsleşmek islemeýär.
Şeýle-de, ol kompaniýanyň benzin, gibrid we elektrik ýaly hereketlendirijileriň birnäçe görnüşini ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwürmek ýa-da diňe elektromobillere geçmek ýakyn wagtda meýilleşdirilmeýär.
Peugeot üçin B, C we D segmentleri esasy bolup galar. Bu kategoriýalarda kompaniýa dürli bazarlara ünsi gönükdirip we çeýe tehnologiki çözgütleri ulanyp, ýeňil awtomobilleri hödürlemegini dowam etdirer.

şu gün 14:34
541

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
3.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.2k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....