Lanzante McLareniň Le-Mandaky ýeňşiniň hormatyna üç orunlyk 95-59 superkaryny çykardy

  • 15.07.2025 13:43
  • 3.2k+

Lanzante kompaniýasy 1995-nji ýyldaky “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşynda McLaren-iň ýeňşiniň 30 ýyllygynyň hormatyna döredilen üç orunlyk 95-59 superkaryny görkezdi. Bu model hersiniň bahasy 1 million funt sterling bolan (1,355 million dollar töweregi) 59 sany çäkli nusgada öndüriler.

Daşyndan seredeniňde 95-59 McLaren 720S/750S-e meňzeýär (onuň işlenip taýýarlanyşyna kompaniýanyň öňki dizaýneri Pol House hem gatnaşypdy), ýöne awtoulag noldan guruldy. Karbon monokok 1 + 2 oturgyç konfigurasiýasyna - merkezde ýerleşýän rula sazlanyldy. Ähli kuzow panelleri ugleplastikadan ýasalyp, bu model üçin ýörite işlenip düzüldi. Awtoulagyň uzynlygy 4574 mm, teker bazasy 2670 mm.


Oturgyçlaryň aňyrsynda McLaren-iň 862 at güýji we 880 Nm bolan dört litrlik goşa turbo V8 ýerleşdirilen. Hereketlendirijisi goşa gysgyçly ýedi tizlikli robot geçiriş  guty bilen jübütlenendir, hereketlendirijisi - yzky. Gibrid komponentler göz öňünde tutulmadyk.
Goşmaça LM30 bukjasy bar. Ol ýeňil komponentleri oturtmak arkaly awtoulagyň agramyny 20 kg azaldýar. Netijede, güýç-agram gatnaşygy bir tonna 700 at güýjüne ýetýär - bu McLaren P1-iňkiden köp.
Dizaýnerler superkaryň diňe bir tizlik üçin däl-de, eýsem işleýşiniň we tehniki hyzmatynyň aňsat bolmagyna hem üns berlendigini nygtaýarlar.


düýn 18:28
2.3k+

Iň gymmat McLaren F1 Abu-Dabide 25,3 million dollara satyldy

RM Sotheby's auksion öýi Abu-Dabidäki söwdalaryny McLaren F1 superkaryny $25,317,500 dollara satmak bilen tamamlady. CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, bu pul möçberi bu model üçin täze bahanyň rekordy bolup, öňki resmi maksimumdan 5 million dollara ýokarydyr...

27.11.2025 11:13
5.7k+

Gordon Murreýiň täze superkary auksionda rekord $20,63 milliona satyldy

Gordon Murreýiň S1 LM indeksli, gurnamaga meýilleşdirilen ilkinji superkarlaryndan biri (Gordon Murray Special Vehicles tarapyndan) geçen dynç günlerinde Las-Wegas Gran-pri-synyň çäklerinde auksionda satyldy. RM Sotheby's tarapyndan guralan auksionda kupe üçin $20,630,000 dollar tölendi...

15.11.2025 21:45
3.3k+

McLaren Norris bilen Piastriniň gatnaşmagynda Las-Wegasyň stilinde superkar döretdi

McLaren Special Operations (MSO) bölümçesi Las-Wegasyň stilindäki dizaýn bilen özboluşly McLaren 750S Spider superkaryny hödürledi. Taslama Project Viva adyny aldy we awtomobilleri şahsylaşdyrmak boýunça MSO-nyň mümkinçiliklerini görkezýär...

14.11.2025 10:29
3.4k+

McLaren F1-i döredeniň superkary entek ýygnalmanka 20 million dollara satylýar

RM Sotheby’s auksion öýi noýabr aýynda Las-Wegasda geçiriljek "Formula-1" Gran-prisinde guraljak adaty bolmadyk söwdany yglan etdi. Auksiona meşhur McLaren F1-iň döredijisi tarapyndan esaslandyrylan Gordon Murray Special Vehicles toparynyň superkary - GMSV S1 LM çykarylýar...