Iň gymmat McLaren F1 Abu-Dabide 25,3 million dollara satyldy

  • 16.12.2025 18:28
  • 4.3k+

RM Sotheby's auksion öýi Abu-Dabidäki söwdalaryny McLaren F1 superkaryny $25,317,500 dollara satmak bilen tamamlady. CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, bu pul möçberi bu model üçin täze bahanyň rekordy bolup, öňki resmi maksimumdan 5 million dollara ýokarydyr.

Satylan bu nusga 1994-nji ýylda öndürilip, umumy ýollar üçin çykarylan 64 sany McLaren F1-iň 14-njisidir. Ilkibaşda sary reňkli kuzowdaky awtoulag Bruneýiň patyşa maşgalasyna degişlidi. Soňra ol birnäçe gezek eýesini çalşyrdy, olaryň arasynda McLaren-iň direktorlarynyň biri hem bardy. 1997-nji ýylda Mihail Şumaher onuň bosagasynda awtograf galdyrdy.
2007-nji ýylda superkar Uokingdäki McLaren zawodynyň üsti bilen toplumlaýyn gaýtadan gurulmagy başdan geçirdi. Işleriň dowamynda awtoulag Irbis White atly ak reňke boýaldy, oňa hemişelik goýlan ganat we täze öňki bamperli High Downforce Kit aerodinamiki toplumy ornaşdyryldy. Maşynyň optikasy, wyhlopy çalşyryldy, sürüjiniň oturgyjy bolsa karbon karkasly boldy.
Gaýtadan gurmak işleriniň bahasy $500 müň dollara golaý boldy. Şol wagtlar awtoulagda Formula-1-iň piloty Lýuis Hemiltonyň hem goly peýda boldy.
Satylan kupeniň geçilen ýoly 22 müň kilometrden sähelçe köpdür.


20.02.2026 10:52
2.5k+

BAE-de 2026-njy ýylyň täze benzinli Toyota RAV4 (XA60) modeli peýda boldy

Täze nesil XA60 kysymly Toyota RAV4 awtoulagy ABŞ-da, Ýewropada we Ýaponiýada diňe gibrid görnüşinde hödürlense-de, Ýakyn Gündogar bazary üçin adaty benzin hereketlendirijili wersiýasy saklanyp galdy. Bu awtoulaglar eýýäm Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) satuwa çykaryldy...

18.02.2026 13:27
4.8k+

BAE ilkinji milli superkaryny görkezdi: häzirlikçe diňe emeli aňda ýasalan wideoda

BAE-niň täze döredilen Flkon Cars kompaniýasy milli superkarynyň dizaýnyny we tehniki häsiýetnamalaryny köpçülige tanyşdyrdy. Bu awtoulag Dubaýyň "Jebel-Ali" erkin ykdysady zolagyndaky zawodda ýygnalar we dünýäniň iň güýçli sport ulaglary bilen bäsleşer...

06.02.2026 13:09
1.1k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler...

14.01.2026 09:34
4.4k+

Xiaomi SU7 Ultra Abu-Dabiniň taýgançak ýolunda Ferrari SF90 XX-den öňe geçdi

Abu-Dabiniň ýolunda Xiaomi SU7 Ultra elektrik sedany ýoluň taýgançak bolmagyna getiren çägeli tupandan soň Ferrari SF90 XX gibrid superkaryna garşy synagdan geçirildi. Synagyň guramaçysy bolan Carwow awtomobil ýaýlymy kuwwatly elektrik awtomobiliniň kyn ýolda Ferrari-niň adaty gibrid superkary bilen deňeşdirilende özüni nähili alyp barýandygyny barlamak isledi...