BAE ilkinji milli superkaryny görkezdi: häzirlikçe diňe emeli aňda ýasalan wideoda

  • 18.02.2026 13:27
  • 4.8k+

BAE-niň täze döredilen Flkon Cars kompaniýasy milli superkarynyň dizaýnyny we tehniki häsiýetnamalaryny köpçülige tanyşdyrdy. Bu awtoulag Dubaýyň "Jebel-Ali" erkin ykdysady zolagyndaky zawodda ýygnalar we dünýäniň iň güýçli sport ulaglary bilen bäsleşer.

Flkon superkary häzirki zaman gibrid ulgamlaryndan ýüz öwrüp, hakyky hereketlendiriji güýjüne we sürüji ussatlygyna daýanýar. Ol ýeňil we örän berk uglerod süýümli (carbon fiber) monokok kuzowa eýe. Hereketlendirijisi Chevrolet Corvette C8 Z06 modelinden alnan meşhur V8.
Standart hökmünde 6 tizlikli mehaniki guty ýa-da islege görä robotlaşdyrylan wersiýasy bolar.
Ähli elektron gorag ulgamlary Germaniýanyň Bosch kompaniýasy tarapyndan üpjün edilýär.
Kompaniýa müşderilere diňe bir ulagyň reňkini däl, eýsem onuň içki tehniki böleklerini hem bezemäge mümkinçilik berýär: ulagyň asma (podweska) böleklerini kümüş, mis ýa-da altyn örtük bilen örtüp bolýar.
Flkon Cars wekilleriniň aýtmagyna görä, emeli sesleriň we awtomatizasiýanyň agdyklyk edýän döwründe, bu ulag dolandyryşy ýene-de sürüjiniň eline berýär.
Taslamany doly durmuşa geçirmek üçin kompaniýa 88 million dirhem (takmynan 24 million dollar) maýa goýum toplamagy meýilleşdirýär. Ýyllyk arassa girdejiniň 30–130 million dirhem aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda taslama diňe iri maýadarlar üçin ýapyk gapylaryň aňyrsynda görkezilýär.


20.02.2026 10:52
2.5k+

BAE-de 2026-njy ýylyň täze benzinli Toyota RAV4 (XA60) modeli peýda boldy

Täze nesil XA60 kysymly Toyota RAV4 awtoulagy ABŞ-da, Ýewropada we Ýaponiýada diňe gibrid görnüşinde hödürlense-de, Ýakyn Gündogar bazary üçin adaty benzin hereketlendirijili wersiýasy saklanyp galdy. Bu awtoulaglar eýýäm Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) satuwa çykaryldy...

14.01.2026 09:34
4.3k+

Xiaomi SU7 Ultra Abu-Dabiniň taýgançak ýolunda Ferrari SF90 XX-den öňe geçdi

Abu-Dabiniň ýolunda Xiaomi SU7 Ultra elektrik sedany ýoluň taýgançak bolmagyna getiren çägeli tupandan soň Ferrari SF90 XX gibrid superkaryna garşy synagdan geçirildi. Synagyň guramaçysy bolan Carwow awtomobil ýaýlymy kuwwatly elektrik awtomobiliniň kyn ýolda Ferrari-niň adaty gibrid superkary bilen deňeşdirilende özüni nähili alyp barýandygyny barlamak isledi...

16.12.2025 18:28
4.3k+

Iň gymmat McLaren F1 Abu-Dabide 25,3 million dollara satyldy

RM Sotheby's auksion öýi Abu-Dabidäki söwdalaryny McLaren F1 superkaryny $25,317,500 dollara satmak bilen tamamlady. CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, bu pul möçberi bu model üçin täze bahanyň rekordy bolup, öňki resmi maksimumdan 5 million dollara ýokarydyr...

15.12.2025 07:56
4.1k+

Mercedes-Benz Momenta bilen bilelikde Abu-Dabide S-klas robototaksisini işe girizer

Mercedes-Benz ilkinji gezek robototaksi bazaryna girýär. Nemes konserni BAE-niň (Birleşen Arap Emirlikleriniň) Abu-Dabi şäherinde sürüjisiz (awtomatiki) taksini işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama Hytaýyň programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýyş kompaniýasy bolan "Momenta Global" bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär...