Mercedes-Benz Momenta bilen bilelikde Abu-Dabide S-klas robototaksisini işe girizer

  • 15.12.2025 07:56
  • 4.1k+

Mercedes-Benz ilkinji gezek robototaksi bazaryna girýär. Nemes konserni BAE-niň (Birleşen Arap Emirlikleriniň) Abu-Dabi şäherinde sürüjisiz (awtomatiki) taksini işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama Hytaýyň programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýyş kompaniýasy bolan "Momenta Global" bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Tanyşdyrylyşy ýanwar aýyna meýilleşdirilen täzelenen "Mercedes-Benz S-klas" sedanlary hyzmat üçin esasy ulag hökmünde saýlandy. Kaşaň awtoulag dördünji derejeli awtomatiki dolandyryş ulgamy bilen üpjün ediler. Bu tehnologiýa sürüjiniň yzygiderli gözegçiligini talap etmezden, ýol ýagdaýlarynyň köpüsinde awtoulagyň özbaşdak işlemegine mümkinçilik berýär.
Awtonom sürüjilik ulgamyny ornaşdyrmak BAE-niň çäginde pilotsyz ulaglary ulanmaga rugsady bolan "Lumo Mobility" kompaniýasynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Abu-Dabidäki bu synag taslamasy "Mercedes-Benz" üçin täze MB.OS programma üpjünçiligini ulanmakda meýdança bolup hyzmat eder. Bu ulgam esasy operasion ulgama gözegçiligi saklamak bilen bir hatarda, ýöriteleşdirilen komponentleri döretmäge daşarky işläp düzüjileri çekmäge mümkinçilik berer.
Mercedes-Benz-iň hyzmatdaşy, 2016-njy ýylda esaslandyrylan "Momenta Global", pilotsyz awtoulaglar üçin programma üpjünçiliginiň öňdebaryjy hytaý işläp düzüjilerinden biridir. Kompaniýa eýýäm Hytaýda "BMW" üçin öz ulgamlaryny üpjün edýär we 2026-njy ýylda Germaniýada "Uber" bilen robototaksini işe girizmäge taýýarlanýar.
"Uber" hyzmaty noýabr aýynyň ahyrynda Abu-Dabide salonda operatory bolmadyk, doly awtonom taksileri ulanmaga eýýäm başlady. Bu taslamada "Uber"-iň hyzmatdaşy başga bir hytaý firmasy – "WeRide" bolup durýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....