Xiaomi SU7 Ultra Abu-Dabiniň taýgançak ýolunda Ferrari SF90 XX-den öňe geçdi

  • 14.01.2026 09:34
  • 4.4k+

Abu-Dabiniň ýolunda Xiaomi SU7 Ultra elektrik sedany ýoluň taýgançak bolmagyna getiren çägeli tupandan soň Ferrari SF90 XX gibrid superkaryna garşy synagdan geçirildi. Synagyň guramaçysy bolan Carwow awtomobil ýaýlymy kuwwatly elektrik awtomobiliniň kyn ýolda Ferrari-niň adaty gibrid superkary bilen deňeşdirilende özüni nähili alyp barýandygyny barlamak isledi.

Xiaomi SU7 Ultra umumy kuwwaty 1526 at güýjüne ýetýän we 1770 Nm aýlanma güýjüni berýän üç elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ulag doly herekete getirijili bolup, güýç birbada dört tigire-de geçirilýär. Awtomobiliň agramy, takmynan, 2360 kg bolup, 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 1,98 sekunt wagt alýar.
Ferrari SF90 XX turbinaly 4,0 litrlik V8 benzin hereketlendirijisi we üç elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Ol 1016 at güýjüni we 800 Nm aýlanma güýjüni berýär. Agramy, takmynan, 1660 kg bolup, 100 km/sag çenli tizligi artdyrmak üçin 2,3 sekunt wagt gerek.
Ýaryşa başlamak üçin ulgamlar sazlanandan soň, awtomobilleriň ikisi-de deň wagtda ugrady. Xiaomi öňe okdurylyp, milýanyň dörtden bir bölegini (402 m) 9,3 sekuntda geçdi. Ferrari munuň üçin 10,2 sekunt sarp etdi. Ýarym milýada (804 m) SU7 Ultra 14,5 sekunt, Ferrari bolsa 15,7 sekunt netijäni görkezdi. Ýöne 161 km/sag tizlikden tormoz berlende, awtomobilleriň ikisi hem ýokary netijäni görkezse-de, Ferrari-niň tejribesi Xiaomi-den bir awtomobiliň uzynlygyna deň aralyk bilen ir saklanmaga mümkinçilik berdi. 


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......